Malide täze konstitusiýa kabul edilip, ýurduň baş kanunynda dil barada maddalar hem girizildi. Täze kanunda 1960-njy ýylda garaşsyz bolanyndan bäri resmi dil bolan fransuzçanyň statusy üýtgedilip, bu dil iş dili kabul edildi. Ýurtda geçen aýyň 18-ne täze konstitusiýanyň kabul edilmegi üçin referendum geçirildi. Sala salşyga gatnaşanlaryň 96,91 göterimi täze kanuny oňlady. Bu kanun Konstitusion kazyýetiniň hem kabul etmegi bilen güýje girdi.
Ýurtda 70 töweregi ýerli dilde gepleşilýär. 1982-nji ýylda çykarylan kanun bilen bambara, bobo, bozo, dogon, fulani, maure, miniýanka, malinke, sarakole, sonrhai, senoufo, hassonke we tamaşek dilleri milli dil statusyny alypdy. Şeýlelikde täze konstitusiýada ýurtda has köp gepleşilýän bu 13 dil resmi dil diýlip kabul edildi.
Şu aýyň başynda Marokkada hem döwleti dolandyrmakda we hususy edara-kärhanalarda fransuzçanyň ýerine arap dilini resmi dil hökmünde kabul edipdi. Alžirde we Ruandada hem soňky ýyllarda mekdeplerde fransuz diliniň ýerine iňlis dili has köp okadylyp başlanypdy.