Hytaýyň daşary işler ministrliginiň başlygy wezipesine Wan I bellendi. Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berdi.
Hytaýyň mejlisi Hytaýyň daşary işler ministri Sin Gany wezipesinden aýryp, oňa ýene-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň daşary gatnaşyklar komissiýasynyň diwanynyň başlygy, Syýasy býuronyň agzasy Wan Iýi belledi. Degişli karara Hytaýyň Başlygy Si Szinpin gol çekdi.
Wan I 2013-nji ýyldan 2022-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň daşary işler ministri bolup işledi, soňra 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, Hytaýyň Komministik partiýasynyň Merkezi komitetiniň daşary gatnaşyklar komissiýasynyň diwanynyň başlygy wezipesine bellendi.