28-nji iýulda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Afrika ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşar. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow habar berdi.
Duşuşyk Russiýa-Afrika sammitinden soň Sankt-Peterburgda geçiriler. Munuň iýun aýynda Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagtynda geçirilen gepleşikleriň dowamy boljakdygy habar berildi. Hususan-da, onuň barşynda emele gelen ýagdaýy çözmek üçin Afrika başlangyjyna garalar.
Duşuşyga Günorta Afrikanyň, Müsüriň, Senegalyň, Komor adalarynyň, Kongonyň, Ugandanyň we Zambiýanyň döwlet Baştutanlary we resmi wekiliýetleri gatnaşar. Ýuriý Uşakowyň pikiriçe, Afrika başlangyjyny öňe sürmekde Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa möhüm rol oýnaýar.