Haý­sy­dyr bir işe ýa-da hü­nä­re gol ýap­saň, il­ki bi­len şo­ňa söý­giň bol­ma­ly. Köp­ler sah­na us­sa­dy bol­mak üçin yla­hy ze­hin ge­rek diý­ýän bol­sa­lar-da, yh­las­ly zäh­me­tiň hem aý­ra­tyn or­ny bar. Zäh­me­tiň ön­dü­ri­ji­lik­li bol­ma­gy üçin hem oňa tä­sir ed­ýän oňyn müm­kin­çi­lik­ler, şert­ler bol­ma­ly. Teatr­da bol­sa, şeý­le müm­kin­çi­lik­le­re mö­hüm orun de­giş­li­dir.
Teatr – dur­muş. Sah­na bol­sa, şol dur­mu­şyň aý­na­sy. Aý­na­da dur­muş ha­ky­ka­ty çe­per jan­lan­ýar. Teatr us­sat­la­ry ja­dy­ly aý­na bi­len dur­mu­şyň pur­sat­la­ry­ny jan­lan­dyr­ýar­lar. Ola­ryň gah­ry­man­la­ry – dur­mu­şyň gah­ry­man­la­ry. Olar kä gam­gyn, kä­te bag­ty­ýar ýa­şa­ýar­lar. Ola­ryň duý­gu­la­ry bol­sa kö­pö­wüş­gün­li. Ar­tist öz gah­ry­ma­ny­ny edil özi ýa­ly jan­lan­dyr­ma­gy ba­şar­ma­ly. Ly­bas­la­ryň saz­la­şy­gy we sah­na di­zaý­ny mag­lu­mat bo­lup dur­ýan bol­sa, gah­ry­man­la­ryň öz­le­ri­ne mah­sus bo­lan he­re­ket­le­ri sah­na sýu­že­ti­niň öze­ni­ni düz­ýär. Ar­tist bol­ma­sa sah­na gu­rak­sy mes­ge­ne meň­zäp gal­ýar. Tä­ze sah­na oý­nun­da hem akt­ýor­la­ryň giň to­pa­ry­nyň asyl­ly zäh­me­ti ýa­tyr. Giň möç­ber­li pur­sat­lar jan­lan­dy­ry­lan­da ar­tist­le­riň bi­r-bi­ri­ne saz­la­şyk­ly he­re­ket et­me­gi sah­na­nyň has-da tä­sir­li we gy­zyk­ly bol­ma­gyn­da özü­niň oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän teatr­la­ryň sow­gat be­ril­me­gi, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň gö­wün­le­ri­ni gal­kyn­dy­ryp, öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­na tu­tan­ýer­li çe­me­le­şip, yh­las­ly zäh­met çek­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Teatr sun­ga­ty­nyň bar­ha kä­mil­leş­me­gin­de my­na­syp go­şant goş­mak her bir ar­tis­tiň baş mak­sa­dy bol­sa ge­rek. Biz mu­ňa bi­r-bi­rin­den gy­zyk­ly sah­na oýun­la­ra, de­giş­me­le­re, spek­takl­la­ra to­ma­şa ede­ni­miz­de hem aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. Ola­ryň her bi­ri­ni syn­la­nyň­da türk­men teatr sun­ga­ty­nyň gel­je­gi­niň par­lak bol­jak­dy­gy­na buý­san­jyň hem yna­myň art­ýar. Sah­na oýun­la­ry­nyň içi­ne gi­rip gi­deň­de we­lin her bir yna­ny­lan keş­be jo­gap­kär­li çe­me­le­şil­ýän­di­gi­ni, tu­tan­ýer­li­lik bi­len yh­las­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän­di­gi­ni gör­ýär­siň.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­möç­ber ala­da­la­ry bi­len ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň mil­li mi­ra­sy­ny, me­de­ni­ýe­ti­ni, däp-des­su­ry­ny, edim-gy­lym­la­ry­ny gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze mi­ras gal­dyr­mak hem-de türk­men sun­ga­ty­nyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­mak mak­sa­dy bi­len giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hal­ky­my­z şan-şöh­ra­ta bes­le­ýän mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy baş­y­na täç ed­ýär­, gözüniň gö­re­ji­ne de­ňe­ýär­. Çün­ki sun­gat us­sat­la­ry­my­zyň sün­nä­läp dö­re­den eser­le­ri hal­ky­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­niň, edep-ek­ram­ly­ly­gy­nyň we rys­gal-be­re­ke­di­niň ha­myr­ma­ýa­sy­dyr. Bu teatr sun­ga­ty ba­ba­tyn­da hem şeý­le­dir.
Us­sat ha­ly­pa­la­ryň mas­la­hat ber­me­gi­ne gö­rä, gel­je­gi­ni teatr bi­len bag­la­ma­gy ýü­re­gi­ne dü­wen ýaş­la­ry­myz yh­las­ly okap, öw­re­nip, öz saý­lan hü­nä­rin­de kä­mil­leş­me­li­dir. Sah­na­da keşp jan­lan­dy­ran­la­ryn­da öz gah­ry­ma­ny­ny do­ly de­re­je­de öw­ren­me­li­dir, ru­hy dün­ýä­si­ne be­let bol­ma­ly­dyr. Di­ňe şeý­le edi­len­de tä­sir­li keşp­ler dö­rär. Mu­ny öm­rü­ni te­at­ra bag­lan us­sat ha­ly­pa­la­ry­myz ne­si­hat ed­ýär­ler.
Tu­tan­ýer­li we ne­ti­je­li zäh­met çek­mek üçin teatr­la­ry­myz­da äh­li müm­kin­çi­lik­ler bar. Esa­sy zat şol müm­kin­çi­lik­ler­den ýer­lik­li peý­da­lan­ma­gy ba­şar­mak ge­rek. Şeý­le müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, ba­şy dik, il-ýurt äh­mi­ýet­li be­lent baş­lan­gyç­la­ry ro­waç bol­sun!

Dür­sol­tan JU­MA­ŞO­WA,
Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy et­rap mer­ke­zi ki­tap­ha­na­sy­nyň Naz­ly Gy­ly­jow adyn­da­ky ge­ňeş­li­gi­niň ki­tap­ha­na şa­ham­ça­sy­nyň ki­tap­ha­na­çy­sy.