“Ga­ra­gum-Ulag” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti Ýa­po­ni­ýa­nyň dün­ýä bel­li aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si “Тоyotа”-nyň tä­ze nus­ga­sy­ny ta­nyş­dyr­dy. Bu çä­re Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Oguz han kö­çe­si­niň ug­run­da ýer­leş­ýän ser­gi za­lyn­da ge­çi­ril­di. Ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da ýa­pon bren­di­niň soň­ky ula­gy bo­lan, dün­ýä­de yg­ty­bar­ly­ly­gy ba­bat­da yk­rar edi­len “Toyo­ta Crown” mo­de­li köp­çü­li­ge gör­ke­zil­di. Gib­rid gör­nüş­li ulag giň­di­gi­ne we ulu­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ýan­gy­jy tyg­şyt­ly sarp et­me­gi hem-de kuw­wat­ly bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

 

Lýuks se­dan ula­gy­nyň bu mo­de­li 1955-nji ýyl­dan bä­ri ön­dü­ri­lip ge­lin­ýär. Önüm­çi­li­gi ýa­ty­ry­lan “Avalon”-yň ýe­ri­ne ön­dü­ril­ýän hem bol­sa, bu ada­ty se­dan­lar­dan has ta­pa­wut­ly. Se­bä­bi, ula­gyň ga­ba­ra­sy ada­ty se­dan­dan uly, SUV-dan ki­çi. Dür­li ýyl­lar­da dün­ýä­niň bir­nä­çe ýur­dun­da ön­dü­ri­lip, Ýer ýü­zü­niň äh­li se­bi­tin­de uly is­leg­den peý­da­la­ny­lan ulag ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edi­lip­dir.

Mo­del ýo­ka­ry howp­suz­lyk aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len hem ün­si çek­ýär. Ula­gyň iç­ki di­zaý­ny sü­rü­ji we ýo­lag­çy­lar üçin ýo­ka­ry ra­hat­ly­gy üp­jün edip, şä­her için­de-de, uzak ara­ly­ga sür­len­de-de ýa­dat­ma­ýar. Ula­gyň öň ta­ra­pyn­da “Toyo­ta­nyň” däl-de, “Crown”-yň lo­go­sy goý­lup­dyr. Bu bol­sa, mo­de­liň beý­le­ki­ler­den has äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aň­lad­ýar. Ula­gyň dis­ka­la­ryn­da­ky “Crown” lo­go­sy hem ün­si özü­ne çek­ýär.