Zimbabwe BRIKS-iň Täze Ösüş Bankyna /NDB/ goşulmak maksady bilen resmi taýdan ýüz tutdy. Bu barada ýurduň Prezident Emmerson Mnangagwa aýtdy.
“Ýurt NBR-e goşulmak barada haýyş bilen ýüz tutdy we bu ugurda Russiýanyň goldawyna bil baglaýar” – diýip, ýurduň “The Herald” gazeti Mnangagwanyň sözlerine salgylanyp habar berdi. Neşiriň habaryna görä, Prezident bu sözleri Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Sankt-Peterburgda geçirilen Russiýa-Afrika sammitiniň barşynda aýdypdyr.
Zimbabweniň Prezidenti, Afrika liderleri bilen birlikde 28-nji iýulda tamamlanan ikinji Russiýa-Afrika sammitine gatnaşdy. Bu çäre awgust aýynda Günorta Afrikada geçiriljek 15-nji BRIKS sammitiniň öňüsyrasynda geçirildi.
NDB köptaraplaýyn maliýe guramasy bolup, 2015-nji ýylda BRIKS ýurtlary – Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika Respublikasy tarapyndan döredildi. Esasy maksady, BRIKS-e agza ýurtlarda, ösüp barýan bazarlarda we ösýän ýurtlarda infrastrukturany we durnukly ösüş taslamalaryny maliýeleşdirmekden ybarat.