Azyk önümleriniň arasynda däneli ekinleriň görnüşleriniň orny örän uly. Şolaryň hatarynda iň köp sarp edilýän önümi bolan tüwiniň onlarça görnüşi bolup, ondan dürli görnüşli tagamlar taýýarlanýar. Adatça, ak tüwi ýaýran hem bolsa, köp ýurtda gara ýa-da gyzyl tüwi hem azyk hökmünde peýdalanylýar. Olaryň iýmitlilik kuwwaty ak tüwä garanyňda, has ýokary bolýar. Hytaýly hünärmenler iýmitlilik kuwwaty beýleki reňkli tüwüleriňki ýaly ýokary bolan benewşe reňkli tüwini döretdiler. Täze sorty ýüze çykaran alymlar onuň dürli keselleriň öňüni almaga ýardam edýän antioksidanta baýdygyny belleýärler. Günorta Hytaý oba hojalyk uniwersitetiniň alymlary täze sorty döretmek üçin şalynyň “Japonica” we “Indica” atly görnüşlerinden peýdalanypdyrlar. Ylmy toparyň wekili Ýao-Guang Liu beýleki galla önümlerinde hem täze sortlary emele getirmek isleýändiklerini belleýär.