Şu ýylyň 9-njy noýabrynda Madagaskarda Prezident saýlawlary geçiriler. Premýer-ministriň beýanatynda aýdylyşy ýaly, zerur bolsa ikinji tapgyr 20-nji dekabrda geçiriler. Madagaskaryň Konstitusiýasyna laýyklykda, sesleriň ýarysyndan gowragyny alan dalaşgär saýlanan hasaplanýar. Dalaşgärleriň hiç biri 50%-den köp ses almasa, öňdebaryjy iki dalaşgäriň arasynda ikinji tapgyr geçirilýär.
Madagaskaryň Prezidenti Andri Radzuelinanyň ygtyýarlyk möhleti 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda gutarýar. Şu güne çenli diňe öňki prezident Mark Rawalumanana Prezident saýlawlaryna gatnaşjakdygyny resmi taýdan yglan etdi.