Wengriýanyň “Terran” energiýa kompaniýasy Budapeştiň tehnologiýa we ykdysadyýet uniwersiteti (BME) bilen bilelikde içinde Gün panelleri ornaşdyrylan üçek plitkalaryny öndürmek boýunça meýilnamany ösdürmek we giňeltmek maksady bilen taslama taýýarlaýar.
Taslamanyň umumy bahasynyň üç million ýewro bolmagyna garaşylýar. Wenger kompaniýasy öz hyzmatdaşlarynyň bu taslamany goldamak üçin ylmy barlag, ösüş we innowasiýa üçin niýetlenen milli gaznadan 1,2 million ýewro alandygyny habar berdi.
“Terran” we Budapeştiň tehnologiýa we ykdysadyýet uniwersiteti bar bolan Gün plitkalaryny giňeltmegi we zeper ýeten panelleri bölekleýin çalyşmagy aňsatlaşdyrjak modul ulgamyny işläp düzýärler. Eýýäm gyzylymtyl-goňur reňkli Gün plitkalaryň nusgalary ýasalyp, ol “Generon” kompaniýasynyň brendiniň bar bolan gara plitkalarynyň üstüni ýetirer. Üç ýyllyk taslama şu ýylyň noýabr aýynda tamamlanar.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl olar 100 müňden gowrak “Generon” plitkasyny satypdyr. Her ýylda, takmynan, 550 müň gün plitkalary öndürilip bilner. Jemgyýetçilik maglumatlaryna görä, şereketiň 2021-nji ýylda arassa satuw girdejisi 60 million ýewro barabar boldy.