Ýa­po­ni­ýa­nyň “Toyo­ta Mo­tor” aw­tou­lag kär­ha­na­sy 2023-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da 5,6 mil­li­on­dan gow­rak aw­tou­lag ön­dür­di. Bu san ag­za­lan dö­wür­de kom­pa­ni­ýa üçin re­kord gör­ke­zi­ji bol­dy.
Kon­sern öz be­ýa­na­tyn­da, 2022-nji ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, “Dai­hat­su” we “Hi­no” ýa­ly brend­le­ri hem öz içi­ne al­ýan kon­ser­niň önüm­çi­li­gi­niň 10,3% ýo­kar­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Ne­şir edi­len mag­lu­mat­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, “Toyo­ta” (12,1%) mar­ka­syn­da önüm­çi­li­giň ep-es­li ýo­kar­lan­ma­gy bel­len­di, “Dai­hat­su” we “Hi­no” aw­tou­lag­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi, 2022-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­my bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, bir­ne­me 0,5% we 1,3% azal­dy.
Şol bir wag­tyň özün­de, “Toyo­ta Mo­tor”-yň gör­ke­zi­len dö­wür­de Ýa­po­ni­ýa­nyň için­de ön­dür­ýän umu­my önüm­çi­li­gi 20,6%, da­şyn­da bol­sa 4,9% ýo­kar­lan­dy.
Bü­tin dün­ýä­de ýa­pon kon­ser­ni 2023-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da 5,4 mil­li­on­dan gow­rak aw­tou­lag sat­dy. Şol bir wag­tyň özün­de aw­tou­lag­la­ryň kö­pü­si (4,2 mil­li­on­dan gow­ra­gy) Ýa­po­ni­ýa­nyň da­şyn­da sa­tyl­dy. Dört ýyl bä­ri ýa­pon kon­ser­ni­niň bu gör­ke­zi­ji bo­ýun­ça, ABŞ-nyň we Ýew­ro­pa­nyň kon­sern­le­rin­den oz­du­ryp, dün­ýä­de bi­rin­ji or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris.