Ýaponiýada koronawirus pandemiýasy sebäpli uzak arakesmeden soň ilkinji gezek iň uly feýerwerk festiwaly geçirildi. Asmany müňlerçe çyralar bilen ýagtyltdy. Festiwal, däp boýunça, Sumida derýasynyň üstünde geçirilýär. Adamlar gyzykly tomaşa seretmek üçin öňünden kenarýakadan özlerine ýer aldylar. Pirotehnika ‘ndürýäwn kompaniýalar şüweleňe gatnaşmak hukugyny almak üçin biri-biri bilen bäsleşýärler. Olar iň oňat işlerini görkezýärler we festiwalda köplenç feýerwerkleriň täze görnüşleri bilen tanyşdyrýarlar.