Angliýanyň “Premier Ligasynyň” öňdebaryjy toparlaryndan “Mançester Ýunaýted” köýnekçe hemaýatkäri “Adidas” bilen şertnamasynyň möhletini 2033-nji ýyla çenli uzaltdy. “Mançester Ýunaýted” 10 ýyl uzaldylan täze şertnama görä, “Adidas” kompaniýasyndan azyndan 900 million funt sterling alar. Bu görkezijiniň “Premier Liga” üçin rekorda deňdir. 10-njy awgustda başlanjak täze möwsümde “Mançester Ýunaýted” ilkinji tapgyrda öz meýdançasynda “Wulwerhemptony” kabul eder.