Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi Fi­lip­pin­ler bi­len ägirt uly er­kin söw­da şert­na­ma­sy bo­ýun­ça gep­le­şik­le­ri tä­ze­den do­wam et­dir­mek­çi. Bu ba­ra­da Ur­su­la fon der Lýa­ýen, Pre­zi­dent Fer­di­nand Mar­kos-ki­çi bi­len bi­le­lik­de Ma­ni­la­da mä­lim et­di. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len söw­da gep­le­şik­le­ri ozal­ky Rod­ri­go Du­ter­te döw­rün­de sak­la­nyp­dy.
Bu Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­nyň Fi­lip­pin­le­re soň­ky 60 ýyl­da eden il­kin­ji sa­pa­ry­dyr.
-To­par­la­ry­myz gep­le­şik­le­re gaý­dyp gel­me­gi­miz üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek üçin der­rew işe baş­lar. Er­kin söw­da şert­na­ma­sy ösüş we iş ýer­le­ri ba­ba­tyn­da iki­mi­ziň nuk­daý­na­za­ryn­dan hem ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe – di­ýip, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen aýt­dy.
-Şu ýyl Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy bi­len Fi­lip­pin­le­riň ara­syn­da er­kin söw­da şert­na­ma­sy­ny bag­laş­mak ba­ra­da­ky gep­le­şik­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ni gol­da­ýa­ryn – di­ýip, Fi­lip­pin­le­riň Pre­zi­den­ti Fer­di­nand Mar­kos-ki­çi aýt­dy.
Şeý­le hem, Ur­su­la fon der Lýa­ýen we Fer­di­nand Mar­kos-ki­çi Fi­lip­pin­ler­de “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek ba­ra­da­ky şert­na­ma gol çek­di­ler. Ol hyz­mat­daş ýurt­la­ra ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek üçin inf­rast­ruk­tu­ra gur­ma­ga kö­mek ed­ýän Ýew­ro­pa baş­lan­gy­jy­nyň bir bö­le­gi hök­mün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem, de­ňiz­dä­ki plas­tik ga­lyn­dy­la­ryň eko­lo­gi­ýa ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­reş hak­da gür­rüň goz­gal­dy.