Ýaponiýada bedeniň gyzmagynyň öňüni alýan sowadyjy enjamlaryň sergisi guraldy. Bu barada “MIR 24” web saýty habar berýär. Bu özboluşly sergide görkezilýän yssy howadan goranmak üçin serişdeleriň hatarynda boýnuňy sergin saklaýan kiçi sowadyjy, suw arkaly sowadýan ýeňsiz gursakça hem-de şemalladyjyly köýnekler hem bar. Olaryň arasynda çagalar üçin niýetlenenleri hem bar.
-Biz öz enjamlarymyzy meýdanda Günüň astynda zähmet çekýänler üçin hödürleýäris. Biz adamlaryň gün urma duçar bolýandygyny bilýäris hem-de munuň öňüni almakçy bolýarys – diýip, Ýaponiýanyň Menejment assosiasiýasynyň wekili Tomoki Tanaka gürrüň berýär.
Sergidäki enjamlar bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi Ýaponiýada iň ýokary yssy howa dowam edýär, şonuň üçin köpler yssydan goranmak üçin adaty bolmadyk serişdelerden peýdalanmaga taýýar – diýlip, habarda bellenilýär.