28-nji iýul­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze mek­dep ha­ryt­la­ry­nyň söw­da­sy­ny gu­ra­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mek­dep ba­zar­la­ry­nyň ýer­leş­di­ril­ýän ýer­le­ri­niň aly­jy­lar üçin amat­ly bol­ma­ly­dy­gy­ny hem-de olar­da ha­ryt­la­ryň bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi ug­run­da äh­li çä­re­le­ri gör­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Aw­gust aýy­nyň baş­la­ma­gy bi­len ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de he­re­ket ed­ýän söw­da no­kat­la­ryn­da mek­dep ba­zar­la­ry iş­läp baş­la­dy. Ba­zar­la­ryň we söw­da mer­kez­le­ri­niň ýa­nyn­da­ky giň meý­dan­ça­lar­da göç­me söw­da no­kat­la­ry dö­re­dil­di. Bu ýer­ler­den okuw es­bap­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni, mek­dep ly­bas­la­ry­ny sa­tyn al­mak bol­ýar. Ola­ryň ara­syn­da ýer­li önüm ön­dü­ri­ler ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan ha­ryt­la­ryň hem köp san­ly­sy­nyň bar­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Il­deş­le­ri­miz ça­ga­la­ry­na mek­dep ly­bas­la­ry­ny, okuw es­bap­la­ry­ny sa­tyn al­ýar­lar. Şeý­le-de ta­lyp­lar üçin ge­rek­li ha­ryt­la­ryň äh­li­si­ni bu ýer­den al­mak bol­ýar.