2023-nji ýy­lyň Bu­ker baý­ra­gy­nyň uzyn sa­na­wy çap edil­di. Şu ýyl ab­raý­ly baý­ra­ga hö­dür­le­nen 163 ki­ta­byň 13-si uzyn sa­na­wa gi­rip, ola­ryň dör­dü­si il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýar. Umu­man, sa­naw­da dört yk­ly­myň ýe­di ýur­dun­dan ýa­zy­jy­lar bolup, ola­ryň dör­dü­si ir­lan­di­ýa­lydyr.
– 13 ro­ma­nyň hem­me­si bi­ziň döw­rü­miz­de ýa­şa­ma­gyň nä­mä­ni aň­lad­ýan­dy­gy­ny dü­şün­dir­ýär we ony öz­bo­luş­ly hem-de tol­gun­dy­ry­jy gör­nüş­de be­ýan ed­ýär. Ola­ryň ge­ri­mi mazmun ba­bat­da-da, gör­nüş ba­bat­da-da giň­dir: olar bi­zi haý­ran gal­dyr­ýar, gül­dür­ýär, gaý­gy­lan­dyr­ýar, ýö­ne şol bir wag­tyň özün­de-de bi­ziň hem­ra­myz bo­lup gal­ýar. Ro­man­laryň her bi­ri di­li­mi­zi baý­laş­dyr­ma­ga, paý­has­lan­dyr­ma­ga kuwwat ber­ýän ru­hy güýç­ler­dir. Bu eser­ler is­le ta­ry­hy bol­sun, is­le-de döw­re­bap, olar şu gün­ki gü­nüň aja­ýyp man­za­ry­ny hö­dür­le­ýär­ler – di­ýip, uzyn sa­na­wyň emin ag­za­la­ry­nyň baş­ly­gy Esi Edug­ýan bel­le­ýär.

Sa­na­wa gi­ri­zi­len eser­ler:
Tan Twan Eng «The Hou­se of Doors» (Ga­py­la­ryň öýi), Pol Mýur­reý «The Bee Sting» (Ary neş­de­ri), Çet­na Ma­ru «Wes­tern La­ne» (Gün­ba­tar ge­çel­gesi), Mar­tin Ma­kin­nes «In Ascen­si­on» (Gal­kyn­ma), Pol Linç «Prop­het Song» (Py­gam­be­r aý­dy­my), Wik­to­ri­ýa Lloýd-Bar­lou «All the Litt­le Bird-Hearts» (Ähli ki­çi­jik guş ýü­rek­le­ri), Şan Hýuz «Pearl» (Dür), Pol Har­ding «This Ot­her Eden» (Bu başga erem), Eleýn Fi­ni «How to Build a Bo­at» (Gä­mi­ nä­dip gurulýar), Jo­na­tan Es­kof­fe­ri «If I Survive You» (Eger-de men se­ni ha­las et­sem), Sa­ra Bernş­taýn «Stu­dy for Obe­di­ence» (Ta­byn­lyk üçin okuw), Se­bast­ýan Ber­ri «Old God’s Ti­me» (Gar­ry Taň­ry­nyň wag­ty) we Aýo­ba­mi Ade­ba­ýo «A Spell of Go­od Things» (Go­wy zat­la­ryň jadysy).
Gys­ga sa­naw 21-nji sent­ýabr­da mä­lim edi­ler. Ýe­ňi­ji 50 müň funt baý­ra­ga eýe bo­lar. Bu­ker baý­ra­gy 1968-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Oňa 2014-nji ýyl­dan baş­lap, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ki­tap­la­ry ne­şir edi­len is­len­dik iň­lis dil­li ýa­zy­jy da­laş­gär­lik edip bil­ýär. On­dan öň bu baý­ra­gy di­ňe Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň, Ir­lan­di­ýa­nyň we Bri­tan Ar­ka­la­şy­gy­nyň ýazyjylary alyp bil­ýär­di.