(Erteki)

Ir za­man­lar jeň­ňel­lik­le­riň bi­rin­de özü­ni akyl­ly­dy­ryn öýd­ýän bir til­ki ýa­şap­dyr. Ol özü­ni äh­li zat­dan ba­şy çyk­ýan ýa­ly gör­ke­zip, beý­le­ki jan­ly-jan­dar­la­ry al­da­wa sa­lyp, mas­ga­ra­la­mak­dan lez­zet alyp­dyr. Hat­da öz dost­la­ry­ny hem mas­ga­ra­lan til­ki ýe­ke gez­me­gi go­wy gör­ýän eken. Til­ki­niň bol­şy, onuň hon­dan­bär­si hä­si­ýe­ti jan­ly-jan­dar­la­ryň ha­lys deg­na­sy­na deg­ýär. Bir gün to­ka­ýyň äh­li jan­dar­la­ry üý­şüp, til­kä nä­dip ha­ky­ka­ty gör­ke­zip bol­jak­dy­gy­ny, ki­miň oňa sa­pak berip bil­jek­di­gi­ni mas­la­hat ed­ýär­ler. Ola­ryň ara­syn­da kö­pi gö­ren bir sy­çan til­kä pent bol­jak sa­pa­gy be­rip bil­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Mu­ny eşi­den jan­dar­lar sy­ça­nyň ýe­ke özü­niň mu­ny nä­dip ba­şar­jak­dy­gy­na geň gal­ýar­lar. Ýö­ne baş­ga çy­kal­ga bol­man­soň, sy­çan bi­len ra­zy­laş­ýar­lar.
Sy­çan er­te­si gün ir bi­len jan­ly-jan­dar­la­ry mas­ga­ra­la­ma­gyň we al­da­ma­gyň nä­hi­li er­bet­di­gi­ni gör­kez­mek mak­sa­dy bi­len til­ki­niň öýü­ne bar­ýar. «Şu gün ki­mi mas­ga­ra­la­sam­kam? Ki­miň üs­tün­den gül­sem­käm?» di­ýip, öýün­den çy­kyp bar­ýan til­ki bir­den sy­ça­ny gö­rüp, onuň nä­me üçin ge­len­di­gi­ni so­ra­ýar. Sy­çan:
– Ga­dyr­dan til­ki. Eşi­di­şi­me gö­rä, siz bu jeň­ňe­liň iň akyl­ly jan­da­ry. Eger müm­kin bol­sa men si­ze kömekçi bol­mak is­le­ýä­rin. Si­ze kö­mek­çi bol­mak me­niň iň uly ar­zu­wym – diý­ýär.
Til­ki daş-tö­we­re­gi­ne hon­dan­bär­si bo­lup se­re­dip dur­şu­na:
– Ha­wa, men bu jeň­ňel­dä­ki jan­dar­la­ryň iň akyl­ly­sy. Her ni­çi­gem bol­sa, sen dog­ry aýd­ýaň. Men ýa­ly hor­mat­lan­ýan til­ki­niň hök­man kö­mek­çi­si bo­laý­ma­ly – di­ýip, sy­ça­na özü­ne kö­mek­çi bol­ma­ga rug­sat ber­ýär. Em­ma til­ki «ýe­di der­ýa­nyň su­wu­ny içen» sy­ça­nyň özi üçin nä­hi­li du­zak gu­ra­nyn­dan bi­ha­bar­dy…
Til­ki to­kaý­da aý­la­nyp, jan­ly-jan­dar­la­ry kem­si­dip, üs­tün­den gü­lüp ýör­kä, bir­den sy­çan oňa ta­rap öw­rü­lip:
– Siz ga­ty akyl­ly, ýö­ne men ara­da pyş­ba­ga bi­len tow­şa­nyň siz ba­ra­da eden gür­rü­ňi­ni eşit­dim. Ola­ryň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, to­kaý­da­ky jan­dar­la­ryň hem­me­si si­zi gor­kak ha­sap­la­ýar­myş. Me­niň pi­ki­rim­çe, tu­tuş jeň­ňe­le özü­ňi­ziň nä­hi­li ba­tyr­dy­gy­ňy­zy su­but et­me­giň wag­ty gel­di. Jeň­ňe­liň gün­ba­ta­ryn­da bir gu­ýy bar. Ol gu­ýy­nyň düý­bün­de al­tyn­dan do­ly san­dyk ýa­tyr. Siz di­ňe şol san­dy­gy gu­ýu­dan çy­ka­ryp, özü­ňi­ziň ba­tyr­dy­gy­ňy­zy ola­ra gör­ke­zip bi­ler­si­ňiz. Şu ça­ka çen­li mu­ňa höt­de ge­len jan­dar ýok – di­ýip, til­ki­niň gon­ju­na gor guý­ýar.
As­lyn­da bol­sa, sy­ça­nyň pi­rim­le­ri­niň hem­me­si til­ki­ni ak­ly­na aý­la­mak üçin gu­ran du­za­gy­dy. Til­ki­niň bök­jek bol­ýan çuň­ňur gu­ýu­syn­da hiç hi­li al­tyn hem ýok­dy.
Sy­ça­nyň pi­ri­mi­ne yna­nan til­ki şol gu­ýa ba­ryp, san­dy­gy çy­kar­ma­gy ýü­re­gi­ne düw­ýär. Er­te­si gün sy­çan to­ka­ýyň äh­li jan­ly-jan­dar­la­ry­ny gu­ýy­nyň da­şy­na jem­le­ýär. Til­ki äh­li jan­da­ryň şa­ýat­ly­gyn­da özü­niň nä­de­re­je­de ba­tyr­dy­gy­ny su­but et­mek üçin gu­ýy­nyň içi­ne bök­ýär. Suw­ly gu­ýa şar­pyl­dap dü­şen til­ki su­wa gark bo­lup bar­şy­na «Kö­mek ediň…» di­ýip, na­ýyn­jar gy­gy­ryp baş­la­ýar. Bo­lup geç­ýän zat­la­ra şa­ýat bo­lan jan­dar­lar «Haý, ak­mak diý­sä­nim» di­ýip, til­ki­niň üs­tün­den gül­üp baş­la­ýar­lar. Şol wagt til­ki baş­ga­la­ry kem­sit­me­giň, ola­ryň üs­tün­den gül­me­giň nä­hi­li ga­ba­hat iş­di­gi­ne dü­şün­ýär. Ol özü­niň ýal­ňy­şan­dy­gy­ny bo­ýun alyp, äh­li jan­dar­dan ötünç so­rap, özü­ni gu­ýu­dan çy­kar­mak­la­ry­ny to­wak­ga ed­ýär. Şeý­le­lik­de, jeň­ňe­liň jan­dar­la­ry til­ki­niň gü­nä­si­ni ötüp, ony gu­ýu­dan çy­kar­ýar­lar. Til­ki şon­dan soň hiç ki­me ýa­man­lyk et­män­dir.