Täjik edebiýaty – häzirki zaman Täjigistanyň çäklerinde XVI-XX asyrlarda döredilen ýazuw arkaly we dilden aýdylan eserlerdir. Alymlar täjik edebiýatyny pars nusgawy edebiýatynyň dowamy hem diýip, atlandyrýarlar. Bu ozaly bilen täjik we pars dilleriniň juda meňzeşligi bilen baglanyşyklydyr. Täjik edebiýaty, munuň özi täze taryhy şertlerde pars nusgawy däp-dessurlarynyň görnüşini özgertmeginiň bir mysalydyr.
Kiçi we Orta Aziýada III- XVI asyrlarda pars nusgawy edebiýatynyň emele gelmegi öz gözbaşyny gadymy pehlewi diliniň ýaýran we otparazlaryň “Awesta” atly kitabynyň döredilen döwürlerinden alyp gaýdýar. Ondan soňky döwür hem arap medeniýetiniň täsiri we täze pars diliniň kemala gelen döwri bilen baglanyşyklydyr. Bu döwürde pars nusgawy edebiýatynyň esasy galyplary we sýužetleri Buhara, Hyrat, Yspyhan, Samarkand ýaly medeni merkezlerde emele gelipdir. Rudaki, Dakiki, Rumy, Hafyz, Ferdöwsi, Nyzamy, Jamy we beýlekiler pars edebiýatynyň nusgawy eserlerini dünýä edebiýatynyň gazananlarynyň hatarynda goýmagy başarypdyrlar.
Şol döwürlerde musulman dünýäsiniň welaýatlarynyň arasyndaky özara medeni gatnaşyklar has-da ösen bolupdyr. Şeýlelikde XV asyrda Orta we Kiçi Aziýada biri-birine juda meňzeş bolan medeni giňişlik kemala gelýär. XVI asyrdan başlap täjik edebiýaty özbaşdak ösüş ýoluna düşýär. Şeýle bolsa-da, pars edebi däpleriniň esasy aýratynlyklary ýerli sýužetlerde saklanyp, gaýtadan döredilýär. Onuň ösüşinde täjik halkynyň jemgyýetçilik durmuşynda çuňňur yz galdyran has möhüm taryhy wakalar we ideýalar sebäp bolýar. XVI – XIX asyrlarda täjik edebiýatynda täzeçe öwüşginler peýda bolýar. Bu döwrüň esasy aýratynlygy hem žanrlaryň dürli-dürlüligidir. Şol bir şahyryň eserlerinde dürli žanrlardaky mowzuklara gabat gelmek mümkin bolupdyr. XVI asyryň iň belli şahyrlaryndan Molla Moşfegi (1525–1588) şeýbaniler döwründe Buharada we Samarkantda ýaşapdyr. Ol täjik şygryýetinde “mosällese moräkkäb” galybynyň başyny başlaýjy bolup, onda üç şygyrly strofada birinji iki setir kapyýalaşýar. Moşfeginiň lirikasy gazallaryň, kasydalaryň ýygyndysyndan we poemalardan ybaratdyr. Moşfegi halk şorta sözleriniň ýiti paýhasly gahrymany hökmünde hem täjik folklorynda giňden tanalýan şahslaryň biridir.
Täjik şahyrlaryndan Kemal ad-din Binaýi (1453—1512) we Zeýnetdin Wosifini (1485-1566) ýatlap geçmek ýerliklidir. Olar öz eserlerinde şol döwrüň edebi durmuşynyň keşbi barada ýatlamalary galdyrypdyrlar. Aştarhanidler döwri diýlip atlandyrylýan XVII – XVIII asyryň awtorlaryndan şahyr Saido Nasafi, samarkandly Hoki, namanganly Maşrab, samarkandly Ftirat Zarduz dagy has meşhurlarydyr. Hindistanly Mirza Abdyl-Kadyr Bediliň (1644–1721) ady hem täjik şygryýetinde görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Onuň eserleri täjik edebiýatyna düýpli täsirini ýetiripdir. Ol “Telesm-e häýrät” atly mesnewisi we “Erfan” ýaly poemasy bilen meşhurdyr.
Pars edebiýatynda “Hindi täri” XII asyrda Beýik Mogollar döwründe emele gelýär. Bu özboluşly, çylşyrymly tär Alyşir Nowaýynyň we XII asyryň hindi idealistik filosofiýasynyň reformatory Ramanuji bilen baglanyşdyrylýar. Bu tär gadymy pars şygryýetindäki aýdyňlykdan düýpli tapawutlanypdyr, şoňa görä hem “Hindi täri” diýlip atlandyrylypdyr. Bediliň döredijiligi XX asyryň başlaryna çenli täjik edebiýatyna düýpli täsirini ýetiripdir. Belli bir döwürlerde Şaukat (1695-nji ýylda aradan çykan), Sopy Allaýar (1723-nji ýylda aradan çykan) dagy Bediliň ýoly bilen şygyr düzüpdirler.
XVII asyrda Mangytlaryň dinastiýasy döwründe edebiýatda düýpli çökgünlikler ýüze çykýar. XIX asyryň başlarynda Ferganada merkezi Kokandda ýerleşen hanlyklar emele gelýär. Onuň hökümdary ylma we sungata hormat goýujy şahyr Omar han (1809-1822-nji ýyllarda dolandyrypdyr) öz töweregine söz ussatlaryny ýygnapdyr. Netijede, edebi durmuş janlanýar we bedil ýolunyň şygryýeti ösmäge başlaýar. Kokandda Omarhandan başga-da meşhur şahyrlar bolupdyrlar. Olar diwanlaryny iki dilde – täjik we özbek dillerinde ýazylypdyrlar.
Aň-bilim ýaýradyjylaryň zehinli wekilleriniň biri Ahmed Källe (1827-1893) (Tahallusy Doniş) Bedile eýermegi üzül-kesil bes edýär. Şol döwrüň täjik edebiýatynyň görnükli wekillerine Şohin (1894-de aradan çykan), Wozeh (1894-de aradan çykan), Sahbo (1918-de aradan çykan) we Somi (1907-de aradan çykan) dagy girýär.
XX asyryň başlarynda täjik edebiýatynyň ösüşinde jedidçe (osul-e jädid – täze usul) düýpli täsirini ýetiripdir. Başda jädidçäniň tarapdarlary diňe ýat tutup öwrenmäge esaslanýan köne bilim ulgamyny özgertmegiň tarapynda durupdyrlar. Olar Türküstanda we Buharada çykýan gazet-žurnallaryň, haýyr-sahawat guramalarynyň we mekdepleriň töweregine jemlenipdirler. Ýöne jezidçe ýazuw 1917-nji ýyldan doly ýatyrylýar.
Ozalky sowet täjik edebiýatynyň düýbüni tutujylaryň biri, ýazyjy Sadriddin Aýni özüniň başdaky edebiýat karýerasynda milli jezid ideýalarynyň täsirinde bolup, soň pikirini üýtgedipdir. Ol täjik dilinde realistik sowet prozasyny esaslandyran şahsdyr. Onuň täjik halkynyň durmuşyndan gürrüň berýän “Odina” (1930), “Süýthoryň ölümi” powestleri hem-de “Dohunda” (1933), “Gullar” (1935) romanlary we “Ýetim” (1935) atly goşgular ýygyndysy neşir edildi.
Şahyrlar Abulhasym Lahutiniň (1887–1957) we Paýraw Suleýmoniniň (1890-1933) atlary milli jezidçä eýerýänleriň täsirlerinden üstün çykan täjik sowet edebiýatynyň emele gelmegi baglanyşyklydyr. Ozalky sowet häkimiýeti ýyllarynda täjik edebiýatynda şahyrlar Abdusalom Dehoti, Mirzo Tursun-Zade, Muhammedjan Rahimi, Muhetdin Amin-Zade, Jawhari-Zade Suhaýli, Ýusufi, Mirşakar Loffi, Şambe-Zade, Tillobek Puladi, M.Diýori; kyssaçylardan we şahyrlardan Rahim Jalil, Jalal Ikrami we Hakim Karim-Zade has öňe saýlandylar. Dramaturgiýa žanry hem ösüp başlaýar. Halk döredijiligine degişli birgiden eserler halkyň arasyndan ýygnalyp neşir edilýär. Olaryň arasynda “Görogly” eposy hem bar. Täjik edebiýatynynda şahyrana eserler, esasan hem poemalar esasy žanr bolmagynda galýar.
Täjik halk şahyrlary Mirsaid Mirşekeriň (1912-1993) Muhammedjan Rahiminiň (1901–1968), Ýusuf Habibiň (1916–1945), Mirzo Tursun-Zadeniň (1911-1977) poemalary aýratyn gözelligi bilen tapawutlanýarlar. Täjik şygryýetinde nusgawy halk şygryýetinden gözbaş alyp gaýdýan ruhubelentlik, joşgunlyk we öwüt-ündew ýaly aýratynlyklar has-da mahsusdyr. Täjik ýazyjy şahyrlary pars edebiýatynyň kämil usullaryna eýerip, öz milli şahyrana däplerini saklapdyrlar.
Täjigistanda 1990-njy ýyldan bäri ýurduň Garaşsyzlygyny berkarar etmek maksady bilen birgiden özgerişler amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda täjik edebiýatynda milli ideýalaryň galkynyşy has-da ýiti duýulýar. Täjik dili – esasy ilaty täjiklerden ybarat bolan Täjigistanyň döwlet dili bolup, onda ýurduň ilatynyň esasy bölegi ilat gürleýär. Bu dil özüniň gözbaşyny IX –XV asyrlardaky pars-täjik edebiýatynyň nusgawy dilinden alyp gaýdýar we Eýran dilleriniň günorta-günbatar toparyna girýär. Eýýäm, 1920-nji ýyllardan başlap täjik edebi dilini gepleşik diline golaýlaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar we 30-njy ýylda Buharanyň we Samarkandyň sözleýişi edebi dil hökmünde ykrar edilýär. Bu ýurduň ýazuwynda IX asyrdan 1930-njy ýyla çenli käbir alamatlar goşulyp arap elipbiýi, 1930-njy ýyldan 1940-njy ýyla çenli latyn we 1940-njy ýyldan bäri hem käbir alamatlar goşulyp rus elipbiýi ulanylýar. Onuň sözlük leksikasynyň özeni gadymdan gelýän pars sözlerinden ybaratdyr.
Tqjigistanyň şu günki medeni durmuşynyň hem görkezişi ýaly, gadymy pars medeniýetiniň däp-dessurlary sungatda we edebiýatda täze žanrlary ýüze çykaryp, täze mowzuklaryň döremegine sebäp bolýar. Bu ýurtda has irki edebi ýadygärlikler saklanyp, olar çynlakaý öwrenilýär. Häzirki zaman täjik edebiýaty bütindünýä edebiýatynyň öňdebaryjy aýratynlyklaryny özleşdirmek ukyby arkaly dünýä derejesinde tanalyp başlady.
Taýýarlan Ýegenmämmet Taýlyýew.