Milli saýlaw komitetiniň çap eden resmi netijelerine görä, Premýer-ministr Hun Seniň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy Kamboja Halk partiýasy (CPP) iýul aýynda geçirilen saýlawlarda parlamentde 125 orundan 120-sine eýe boldy. Şazada Norodom Çakrawutyň Garaşsyz, bitarap, parahatçylykly Kamboja üçin milli birleşik partiýasy (FUNCINPEC) galan bäş orna eýe boldy.
-Hawa, resmi netijeler 23-nji iýulda geçirilen ählumumy saýlawlarda Kamboja Halk Partiýasynyň parlamentde 120 orny, Garaşsyz, bitarap, parahatçylykly Kamboja üçin milli birleşik partiýasynyň bolsa bäş orna eýe bolandygyny görkezýär – diýip, saýlaw komitetiniň agzasy we metbugat sekretary Dim Sowannar aýtdy.
Ýedinji ählumumy saýlawlara 18 syýasy partiýa gatnaşdy. Saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, KHP, takmynan, 6,4 million sese (82,3%), Garaşsyz, bitarap, parahatçylykly Kamboja üçin milli birleşik partiýasy sesleriň 716490-sine (9,2%) eýe boldy.
38 ýyldan gowrak wagt bäri Premýer-ministr wezipesinde işlän Hun Sen wezipesinden çekiljekdigini we bu wezipäni uly ogly Hun Manete tabşyrjakdygyny mälim etdi. Şeýle-de bolsa, 70 ýaşly lider indiki ýyl 25-nji fewralda geçiriljek saýlawlardan soň KHP-niň başlygy wezipesinde galjakdygyny, şeýle-de Senata (parlamentiň ýokarky palatasy) ýolbaşçylyk etjekdigini aýtdy. Hun Sen täze saýlanan Milli Assambleýanyň (partlament) ilkinji maslahatyny 21-nji awgustda geçirjekdigini, 22-nji awgustda Hun Manetiň ýolbaşçylygyndaky täze bäş ýyllyk hökümetiň kasam kabul etjekdigini mälim etdi.
Kamboja Patyşalygy hindihytaý ýarym adasynyň günortasynda ýerleşýän Günorta-Gündogar Aziýada bir döwlet. Paýtagty Pnompen. Ilaty 16 milliondan gowrak adam. 1993-nji ýyldan bäri – konstitusion monarhiýa, döwlet baştutany Patyşa. Kanun çykaryjy organ, iki palataly parlamentdir (Milli Assambleýa we senat). Gündogarda Wýetnam, demirgazykda Laos we demirgazyk-günbatarda Taýland bilen serhetleşýär.