Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy (ISRO) “Çandraýan-3” awtomatiki Aý stansiýasy tarapyndan alnan Aýyň ilkinji suratlaryny hödürledi. Olar X (ozalky “Twitter”) jemgyýetçilik torunda goýuldy.

45 sekuntlyk wideoşekilde hindi kosmos gämisiniň bir gapdaly hem-de Aýyň kraterler bilen örtülen üstki gatlagy görkezilýär. Suratlar 5-nji awgustda, “Çandraýan-3” Aýyň orbitasyna girensoň düşürildi diýip, ISPO-nyň hünärmenleri tassykladylar.

14-nji iýulda başlanan “Çandraýan-3” Aý missiýasy 23-24-nji awgustda Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne gonmagyna garaşylýar. Bu missiýa üstünlikli amala aşyrylan halatynda, SSSR-den, ABŞ-dan we Hytaýdan soň Hindistan Aýyň üstüne kosmos gämisini gonduran dördünji ýurt bolar.