Fransiýanyň “Lion” topary “Arsenalyň” ýarymgoragçysy Ensi Meýtlend-Naýlzy erkin agent ýagdaýda transfer etdi. Fransuz kluby 25 ýaşyndaky iňlis oýunçy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Arsenalda” futbola başlan Meýtlend-Naýlz geçen möwsümi “Southemptonda” kärendesine oýnady. 2014-nji ýyldan bäri “Arsenalda” çykyş edip gelýän Meýtlend-Naýlz “Ipswiç Town”, “West Bromwiç”, “Roma” ýaly klublarda-da kärendesine çykyş etdi. Ol “Lionda” çykyş etjek ilkinji iňlis futbolçy bolar.