Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk eda­ra­sy (STA) 2030-njy ýy­la çen­li her ýyl­da 4 mil­li­on hy­taý­ly sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­mek mak­sa­dy­na ýet­mek üçin bir­nä­çe mö­hüm ädim­le­ri ät­di. Bu ba­ra­da STA ta­ra­pyn­dan ber­len be­ýa­nat­da aý­dyl­ýar.
Şeý­le baş­lan­gyç­lar Pa­ty­şa­ly­gyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad bi­len Gy­zyl deň­ziň ke­na­ryn­da­ky Jid­da şä­he­ri­ni Hy­ta­ýyň paý­tag­ty Pe­kin bi­len bag­la­nyş­dyr­ýan tä­ze gö­ni uçu­şyň baş­la­ma­gy­ny öz içi­ne al­ýar. STA-nyň ha­ba­ry­na gö­rä, bu ba­ra­da ge­çen hep­de Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň flag­man awia­kom­pa­ni­ýa­sy “Sau­dia” ha­bar ber­di.
Mun­dan baş­ga-da, Pa­ty­şa­ly­gyň we Hy­ta­ýyň ara­syn­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça, şol san­da, HHR-iň Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň çalt­laş­dy­ry­lan elekt­ron wi­za mak­sat­na­ma­sy­na we “Sau­dia” awia­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 96 sa­gat­lyk üs­ta­şyr wi­za mak­sat­na­ma­sy­na go­şul­ma­gy ba­ra­da iki­ta­rap­la­ýyn şert­na­ma­lar bag­la­şyl­dy. Awia­kom­pa­ni­ýa­nyň bu mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýo­lag­çy­la­ra Pa­ty­şa­ly­gyň myh­man­ha­na­la­ryn­da bir gi­je gal­mak tek­lip edil­ýär.
STA-nyň be­ýa­na­tyn­da hy­taý­ly sy­ýa­hat­çy­la­ra amat­ly bol­ma­gy üçin şu ýy­lyň ba­şyn­da eý­ýäm bir­nä­çe çä­re­le­riň gör­len­di­gi tas­syk­lan­ýar. In­di Hy­taý­dan ge­len sy­ýa­hat­çy­lar hy­taý di­lin­dä­ki res­mi sy­ýa­hat por­ta­ly “Visit­Sau­di.cn”-i ula­nyp bi­ler­ler. Şeý­le-de Er-Ri­ýa­dyň ho­wa men­zi­lin­de or­naş­dy­ry­lan hy­taý di­lin­dä­ki te­le­fon li­ni­ýa­la­ryn­dan, “Union­Pay” tö­leg ul­ga­myn­dan we Hy­taý gar­ba­nyş­ha­na­la­ryn­dan peý­da­la­nyp bi­ler­ler.
Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň “Gö­rüş 2030” mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Pa­ty­şa­lyk 2030-njy ýy­la çen­li ýur­da gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­ny ýyl­da 100 mil­li­on ada­ma ýe­tir­me­gi mak­sat edin­ýär.