2003-nji ýylyň noýabrynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça bäş sany Hazarýaka döwletleriniň wekilleri tarapyndan Çarçuwaly Konwensiýa, ýagny Tähran Konwensiýasyna gol çekildi. Tähran Konwensiýasy 2006-njy ýylyň
12-nji awgustynda güýje girdi. Şol gün hem, ýagny her ýylyň 12-nji awgusty Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär.

Ke­nar­ýa­ka ýurt­lar­da her ýyl bel­le­nil­ýän bu baý­ra­myň deň­ziň eko­lo­gik howp­suz­ly­gy me­se­le­le­rin­de, öz­bo­luş­ly ekoul­ga­my­ny gol­da­mak­da we go­rap sak­la­mak­da äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Ha­zar deň­zi­niň meý­da­ny 371 müň ine­dör­dül ki­lo­metr bo­lup, onuň iň çuň ýe­ri 1025 met­re, ke­nar­ýa­ka çy­zy­gy­nyň uzyn­ly­gy bol­sa 7000 ki­lo­met­re deň­dir. Ha­zar deň­zi de­mir­ga­zyk­dan gü­nor­ta 1200 ki­lo­metr uzap gi­dip, onuň or­ta­ça ini 320 ki­lo­metre deň. Deň­ze 130-dan gow­rak der­ýa guý­ýar. Onuň çä­gin­de ululy-kiçili ada­la­ryň 50-ä go­la­ýy bar.
Ha­zar deň­zi­niň bio­dür­lü­li­gi we bu ýer­de duş gel­ýän jan­ly-jan­dar­lar öz­bo­luş­ly bo­lup, ola­ryň kö­pü­si­niň di­ňe şu ýer­ler­de duş gel­ýän­di­gi aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Bek­re ba­lyk­la­ry­nyň dün­ýä go­ru­nyň 90 gö­te­rim tö­we­re­gi bu ýer­de jem­le­nen­dir. Ha­zar­ýa­ka se­bi­tin­de guş­la­ryň 300-den gow­rak gör­nü­şi duş gel­ýär. Se­bit­de guş­lar­dan baş­ga-da, ýer­de-suw­da ýa­şa­ýan­la­ryň, süý­dem­di­ri­ji­le­riň we süý­re­ni­ji­le­riň köp gör­nüş­le­ri bar. Bu de­ňiz­de baş­ga hiç ýer­de duş gel­me­ýän Ha­zar düw­le­ni hem ýa­şa­ýar.
Ha­zar deň­zi­niň ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si tä­sin­li­gi bi­len dün­ýä yl­myn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Bu ýer­de duş gel­ýän ösüm­lik­le­riň we haý­wan­la­ryň umu­my gör­nüş­le­ri­niň 65 gö­te­ri­me go­la­ýy Ýer ýü­zün­de di­ňe Ha­zar deň­zin­de duş­ýar. Ha­zar­da su­wo­tu­la­ryň 450-den gow­rak gör­nü­şi, su­wuň dür­li gat­lak­la­ryn­da ýü­züp ýa­şa­ýan ow­nuk oňur­ga­syz jan­dar­la­ryň bol­sa 400-e go­laý gör­nü­şi mes­gen tu­tup­dyr.
Ha­zar deň­zi ba­lyk tu­tul­ýan we däp bo­lan ba­lyk­çy­ly­gyň ösen ýe­ri hök­mün­de hem meş­hur­dyr. Ha­zar deň­zin­de gy­zyl­ba­lyk­la­ryň dün­ýä­de iň uly te­bi­gy sü­rü­si ýa­şa­ýar.
Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da dö­re­di­len «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy di­ňe bir dynç alyş zo­la­gy bol­man, eý­sem, ol daş­ky gur­şa­wyň gö­zel­li­gi­ni go­ra­mak­da, onuň baý­ly­gy­ny art­dyr­mak­da we amat­ly daş­ky gur­şa­wa oňyn tä­sir et­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Türk­me­nis­tan ke­nar­ýa­ka ýurt­la­ryň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­rilme­gi, Ha­zar deň­zi se­bi­ti­niň ägirt uly se­riş­de, ulag-ara­gat­na­şyk, ener­ge­ti­ka we se­na­gat kuw­wa­ty­nyň ne­ti­je­li dur­muşa ge­çi­ril­me­gi ug­run­da yzy­gi­der­li çy­kyş ed­ýär. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk, eko­logi­ýa we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, ga­dy­my Ha­za­ryň bio­dür­lü­li­gi­ni aýaw­ly sak­la­mak, te­bi­gy baý­lyk­la­ryn­dan re­je­li peý­da­lan­mak ýa­ly mö­hüm ul­gam­lar­da gat­na­şyk­la­ra uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Ha­zar se­bi­ti ta­ry­ha, me­de­ni­ýe­te, dos­ta­na gat­na­şyk­la­ra uly äh­mi­ýet be­ren se­bit hök­mün­de bel­li­dir. Özü­niň möç­beri, ösüş ta­ry­hy bo­ýun­ça Ha­zar deň­zi dün­ýä­de iň uly suw bas­seý­ni ha­sap edil­ýär. Aňyr­sy-bär­si­ne göz ýet­me­ýän mawy deň­ze Wol­ga, Em­ba, Ural, Te­rek, Ku­ra, Su­lak hem-de ki­çi der­ýa­lar guý­ýar.

Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty

Deň­ziň Ga­za­gys­tan, Türk­me­nis­tan, Azer­baý­jan, Eý­ran we Rus­si­ýa döw­let­le­rin­de ke­na­ry bo­lup, ýük da­şa­mak ul­gamyn­da hal­ka­ra äh­mi­ýe­te eýe bo­lan bir­nä­çe iri port­lar ýer­leş­ýär. Olar ýur­du­myz­da­ky Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty, Azer­baý­ja­nyň Ba­ku por­ty, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han se­bi­ti­niň port­la­ry, Ga­za­gys­ta­nyň Ak­tau por­ty hem-de Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň En­ze­li we Ne­ka port­la­ry­dyr.
Ha­zar deň­zi­niň çuň gat­lak­la­ry özün­de kal­siý kar­bo­nat­la­ry­ny sak­la­ýan alew­ro­lit we gyr­man­ça çö­kün­di­le­rin­den yba­rat bo­lup, düý­bün­de ne­bit we gaz kän­le­ri bar­dyr. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, dün­ýä­niň ne­bit go­ru­nyň 4 gö­te­ri­mi, te­bigy gaz go­ru­nyň 6 gö­te­ri­mi Ha­zar­da­dyr. Ga­ra­bo­gaz aý­la­gy bol­sa mi­ra­bi­lit du­zu­na baý bo­lup, asyr­la­ryň do­wa­mynda top­la­nyp, gat­lak-gat­lak, tok­ga-tok­ga bo­lup du­ran duz­lar bar.
Ha­zar deň­zin­de ba­lyk­çy­lyk ho­ja­ly­gy­nyň äh­mi­ýe­ti örän uly bo­lup, ba­lyk­la­ryň tak­gaz, si­le­ba­lyk, ça­pak, ke­pir, töp, ga­raba­lyk, akba­lyk, kil­ka, ke­fal ýa­ly gör­nüş­le­ri giň­den ýaý­ran­dyr. Ha­zar­da ba­lyk­la­ryň gym­mat­ly to­hum­la­ryny kö­pelt­mek ba­bat­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bek­re ba­ly­gy bol­sa dün­ýä­de tu­tul­ýan ba­lyk­la­ryň 82 gö­te­ri­mi­ne deň­dir. Deň­ziň ýa­ýy­lyp gid­ýän gi­ňiş­lik­le­rin­de ösüm­lik­le­riň 728-den gow­rak gör­nü­şi we dür­li jandar­la­ryň 854 gör­nü­şi ha­sa­ba al­nyp, bu gym­mat­lyk­lar de­ňziň ekoulgamyny eme­le ge­tir­ýän esa­sy ala­mat­lar­dyr.
Bir söz bi­len aý­dy­lan­da, Ha­zar gi­ňiş­li­gi ägirt uly yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka we ulag kuw­wa­ty­na eýe bo­lan mö­hüm strate­gik se­bit­dir.