«Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok» diýlişi ýaly, kitap aýratyn bir dünýä. Ol dünýä parasatly jümlelere baý bolan, özünde altyndan gymmatly baýlygy gizläp saklaýan, doly açylmadyk sandykly hazynadyr. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanýar. Her okalan kitap bizi bir basgançak ýokary galdyrýar. Kitap paýhasly sözden bina edilen köşkdür. Bu köşgi gyşyň ýeli hem, ýazyň ýagşy hem bozup bilmez. Bu köşge seýran etmek ömre many çaýjak parasatlaryň we pursatlaryň arasynda gezim etmekdir. Ynsan durmuşynda kitap, hiç wagt bahasy egsilmeýän, öz gymmatyny gaçyrmaýan miras hasaplanýar. Kitap adamy terbiýeleýän, dogry ýoly görkezýän ýakyn dosty, wepaly syrdaşy, özünde giden bir umman ýaly teselli beriji jümleleri jemläp saklaýan, ýörejek ýoluňy salgy berýän akyl hazynasydyr. Şol hazyna okyjynyň kalbynda diňe ýagşy zatlara bolan garaýşy oýarýar, ruhubelentlik döredýär. Adam näçe köp kitap okasa, onuň hyýaly, düşünjesi, dünýägaraýşy hem şonça ösüp başlaýar. Onda adam ahlagyny terbiýeleýji, dünýägaraýşyny, gözýetimini giňeldiji, zehinini ýiteldiji güýç bar. Adam durmuşda elmydama täze zatlary öwrenmäge, bilmäge ymtylýar, täzelenişleriň, üýtgeşikligiň höwesinde ýaşaýar. Şonda kitap onuň okamaga, bilmäge, öwrenmäge teşne kalbyny gandyrýar. Kitap okaýarka, onda-da oňa tutuş durky-düýrmegi bilen berilýärkä, adam özüni düýbünden başgaça duýýar. Sebäbi ol bahasyz hazyna aralaşandygyny, öz içki dünýäsiniň hem baýlaşýandygyny aňlaýar. Uly höwes bilen okalýan kitaplar adama şeýle ajaýyp duýgulary bagyşlaýar. Adam öz beýnisiniň hyýal güýjüni ulanmak arkaly şol dünýä girip gidýär. Eger kitap has dartgynly wakalara baý bolsa, onda ol biparh oturyp bilmeýär. Gahrymanlaryň şatlygyna şatlanyp, agysyny aglaşýar. Şeýlelikde, kitap bilen arasynda jebis dostlugyň dörändigini özi-de bilmän galýar. Alymlar kitap okamak biziň çalt garramagymyzyň öňüni alýar, adamyň beýnisini işjeň ýagdaýa getirýär, beýniniň işlemegi bolsa garrylygy birneme yza süýşürýär we daş-töweregiňdäki adamlardan tapawutly estetik pikirlenmäge itergi berýär diýip belleýärler. Kitap okaýan adamyň söz baýlygy giň bolýar, akyly ösýär, zehini joşýar, pikiri durlanýar. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Halkymyzda kitaba, söz sungatyna uly sarpa goýulýar, olaryň gadyry bilinýär. Okalýan kitaplar bize durmuşyň kyn pursatlarynda baş alyp çykmagy, ömür ýoluňda pähim-paýhasa eýerip, dogry ýoldan ýöremegi öwredýär. Şeýle kitaplar bolsa adamlaryň iň ýakyn we wepaly dostuna öwrülýär. Şular ýaly kitaplaryň aglaba böleginiň Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörändigi bolsa bizi has-da buýsandyrýar. Kitaba çäksiz sarpa goýýan milli Liderimiz «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär» diýip aýratyn nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan durmuşyň ähli ugurlaryna degişli bolan islendik meselede ýeterlik maglumatlary almak bolýar. Olarda dünýäniň häzirkizaman meseleleri bilen birlikde milliligimiz eriş-argaç bolup geçýär.
Ýurdumyzyň kitaphanalarynda döwrebap iş usullaryndan, sanly tehnologiýalardan peýdalanylmagy kitaphana hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik bar. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň, kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatda hem giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Hurmagül Annagurbanowa,
Bäherden etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň Kärdeşler arkalaşyklarynyň başlygy, tälimçi-mugallym.