«Quacqua­rel­li Sy­monds» kompaniýasy tarapyndan dün­ýä­niň iň go­wy bi­lim eda­ra­la­ry­nyň täze sa­na­wy ýaý­ra­dyl­dy. 2024-nji ýy­lyň iň go­wy okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da Ýew­ro­pa­nyň we De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň uni­wer­si­tet­le­ri­ ag­dyk­lyk ed­ýär. Sa­na­wyň bi­rin­ji or­nu­ny 12-nji ge­zek Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa uni­wer­si­te­ti (MIT) iň ýo­ka­ry ba­ha – 100 bal bi­len eýe­le­di.
Sa­naw Ang­li­ýa­da iş alyp bar­ýan «Quacqua­rel­li Sy­monds» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 20 ýyl­dan bä­ri taý­ýar­lan­ýar. Sa­na­wa dün­ýä­niň 104 ýur­dun­dan we se­bi­tin­den 1 ýa­rym müň­den gow­rak ýo­ka­ry bi­lim eda­ra­sy gi­ri­zi­lip, dür­li öl­çeg­le­re gö­rä ba­ha be­ril­ýär. Sa­naw 17,5 mil­li­on yl­my ma­ka­la 240 müň­den gow­rak mu­gal­ly­myň we hü­när­me­niň ba­ha ber­megi netijesinde taý­ýar­lan­ýar.
Il­kin­ji on­lu­gyň bä­şi­si­ni Ýew­ro­pa­nyň uni­wer­si­tet­le­ri eýe­le­ýär. Ikin­ji we üçün­ji orun­la­ry Ang­li­ýa­nyň Kemb­rij (99,2 bal) hem-de Oks­ford uni­wer­si­tet­le­ri (98,9 bal) eýe­läp­dir. Gar­ward (ABŞ-98,3 bal), Sten­ford (ABŞ-98,1 bal), Lon­do­nyň Pa­ty­şa­lyk kol­le­ji (Ang­li­ýa-97,8 bal), Sýu­rih­dä­ki şweý­sar ýo­ka­ry teh­ni­ki mek­de­bi (Şweý­sa­ri­ýa-93,3 bal), Mil­li Sin­ga­pur uni­wer­si­te­ti (Sin­ga­pur-92,7 bal), Lon­do­nyň uni­wer­si­tet kol­le­ji (Ang­li­ýa-92,4 bal) we Berk­li­dä­ki Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­ti (90,4 bal) il­kin­ji on­lu­ga gi­rip­dir. Sa­na­wyň ýo­kar­ky bas­gan­çak­la­ryn­da iň­lis ýo­ka­ry bi­lim eda­ra­la­ry­nyň köp­lü­gi hem ün­si çek­ýär.
Ýew­ro­pa­da­ky uni­wer­si­tet­le­riň aý­ra­tyn­lyk­da taý­ýar­la­nan sa­na­wy­nyň il­kin­ji on­lu­gy­na ýo­kar­da ag­za­lan­lar­dan baş­ga-da, Edin­burg uni­wer­si­te­ti (86,1 bal), Fran­si­ýa­da­ky PSL Pa­riž uni­wer­si­te­ti (85,8 bal), Ang­li­ýa­nyň Man­çes­ter uni­wer­si­te­ti (82,2 bal), Şweý­sa­ri­ýa­nyň Lo­zan­na­da­ky fe­de­ral po­li­teh­ni­ki mek­de­bi (80,4 bal) we Ger­ma­ni­ýa­da­ky Mýun­hen teh­ni­ki uni­wer­si­te­ti (80 bal) girdi.
Sa­naw taý­ýar­la­nan­da bir­nä­çe öl­çeg­den peý­da­la­nyl­ýar. Şeý­le-­de bol­sa, esa­san, aka­de­miki ab­raý, iş­ be­ri­ji­niň ab­ra­ýy, mu­gal­lym-okuw­çy sa­ny­nyň de­ňag­ram­ly­ly­gy, her mu­gal­ly­ma düş­ýän yl­my ma­ka­la­la­ryň sa­ny we olar­da gör­ke­zi­len çeş­me­ler, hal­ka­ra mu­gal­lym­la­ryň sa­ny, hal­ka­ra ta­lyp­la­ryň sa­ny ýa­ly öl­çeg­le­re has köp üns be­ril­ýär.
Şu ýyl­ky sa­naw­da ýe­ne üç öl­çeg gi­ri­zi­lip­dir. Olar hal­ka­ra de­re­je­de yl­my-bar­lag to­ry, uçu­rym­la­ryň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi we bi­li­miň hi­li­niň dur­nuk­ly­ly­gy.
«Quacqua­rel­li Sy­monds»-yň ýolbaşçysy, dok­tor Endr­ýu Mak­Far­lan sa­naw­da­ky iň esa­sy öl­çe­giň ag­zal­ýan ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ni ta­mam­lan uçu­rym­la­ryň işe ýer­le­şen­le­ri­niň sa­ny­dy­gy­ny bel­le­ýär.
Şeý­le hem 2018-nji ýyl­dan bä­ri Azi­ýa­dan, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­dan, Ýa­kyn Gün­do­gar we Af­ri­ka ýurt­la­ryn­dan sa­na­wa gir­ýän uni­wer­si­tet­le­riň sa­ny­nyň ar­tan­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Mun­dan baş­ga-da, Hy­taý­da­ky yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň sa­ny­nyň art­ýan­dy­gy, şeý­le-de, hy­taý uni­wer­si­tet­le­rin­de ýa­zy­lan yl­my iş­le­riň hal­ka­ra de­re­je­de çeş­me hök­mün­de has köp gör­ke­zi­lip baş­la­nan­dy­gy bellenilýär.