Soň­ky aý­lar­da Ýer ýü­zün­de bir­nä­çe ge­zek ys­sy tem­pe­ra­tu­ra­nyň re­kor­dy tä­ze­len­di. Bi­ler­men­ler dün­ýä­niň köp ýe­rin­de iýu­lyň adat­da­ky­syn­dan has ys­sy bo­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Or­ta­ça tem­pe­ra­tu­ra ha­sa­ba al­nan­da bol­sa, bu aý mun­dan ozal 2019-njy ýy­lyň iýu­lyn­dan 1,5 de­re­je ys­sy bo­lup, tä­ze re­kord goý­dy. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa­nyň Ko­per­nik adyn­da­ky kli­ma­tyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça gul­lu­gy ha­bar ber­di. Gul­luk glo­bal de­re­je­de 2023-nji ýy­lyň iýul aýy­nyň iň ys­sy aý bo­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Ge­çen aý de­mir­ga­zyk ýa­rym şa­ryň köp ýe­rin­de ys­sy ho­wa tol­kun­la­ry eme­le ge­lip­dir. Gü­nor­ta ýa­rym şar­da hem ys­sy ho­wa ha­sa­ba al­nyp­dyr. An­tark­ti­ka­nyň uly bö­le­gin­de tem­pe­ra­tu­ra adat­da­ky­dan has ýo­ka­ry bo­lup­dyr.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, de­ňiz su­wu­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy hem ýo­ka­ry bo­lup­dyr. De­mir­ga­zyk deň­zi­niň su­wy or­ta­ça tem­pe­ra­tu­ra­dan 1,05 de­re­je ýo­ka­ry bo­lup­dyr. Gren­lan­di­ýa­nyň gü­nor­ta­syn­da, Lab­ra­dor deň­zin­de, Ka­rib bas­seý­nin­de we Or­ta­ýer deň­zin­de ýy­ly suw akym­la­ry eme­le ge­lip­dir.
An­tark­ti­ka­da­ky ys­sy ho­wa köp muk­dar­da bu­zuň ere­me­gi­ne hem ge­ti­rip­dir. Adat­ça An­tark­ti­ka we Gren­lan­di­ýa ýa­ly uly buz gat­lak­la­ry ýy­lyň bel­li döw­rün­de eräp ki­çel­ýär we ho­wa so­wan­dan soň­ra gaý­ta­dan doň­ýar. Ge­çen aý An­tark­ti­ka­da­ky bu­zuň tut­ýan meý­da­ny iň pes de­re­jä ýe­tip, adat­da­ky­syn­dan 15 gö­te­rim ki­çe­lip­dir.