Bra­zi­li­ýa­da Ama­zon sam­mi­ti ge­çi­ril­di. Ama­zon Hyz­mat­daş­lyk yla­la­şy­gy gu­ra­ma­sy­na ag­za (ACTO) 8 ýur­duň ýo­ka­ry de­re­je­li döw­let ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­na­şan ýyg­na­gyn­da­ to­kaý­syz­lan­ma­gyň öňü­ni al­mak­ esa­sy me­se­le bol­dy. Gu­ra­ma şeý­le ýo­ka­ry de­re­je­li çä­rä­ni 14 ýyl ozal ge­çi­rip­di. Dün­ýä­niň iň uly to­ka­ýy ha­sap­lan­ýan Ama­zon­ka­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän bu ýurt­lar jan­ly te­bi­ga­ty go­ra­mak üçin dür­li tas­la­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýar. Bu to­kaý­lyk­lar «Ýer ýü­zü­niň öý­ke­ni» ha­sap­lan­ýar. Bra­zi­li­ýa­nyň Be­len şä­he­rin­de ge­çi­ri­len sam­mi­te Bo­li­wi­ýa­nyň, Ko­lum­bi­ýa­nyň we Pe­ru­nyň döw­let ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy. We­ne­sue­la, Ek­wa­dor, Su­ri­nam we Ga­ýa­na ýurt­la­ry­na ýo­ka­ry de­re­je­de we­kil­çi­lik edil­di. Sam­mi­te gu­ra­ma ag­za bol­ma­dyk ýurt­la­ryň we­kil­le­ri hem ça­gy­ryl­dy. Hal­ka­ra mas­la­hat­da to­kaý­syz­lan­mak bi­len gö­reş, al­ty­nyň bi­ka­nun çy­ka­ryl­ma­gy­nyň ýok edil­me­gi we se­bit­de dur­nuk­ly ösü­şiň ýo­la go­ýul­ma­gy üçin hyz­mat­daş­lyk ýa­ly me­se­le­lere garaldy.
Bra­zi­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Lu­is Ina­siu Lu­la da Sil­wa sam­mi­tiň açy­ly­şyn­da 2030-njy ýy­la çen­li to­kaý­syz­lan­ma­gyň so­ňu­na çy­kyl­jak­dy­gy­ny aýt­dy.
Sam­mit­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­de se­bit­de ne­bi­tiň çy­ka­ry­ly­şy ba­ra­da hem gür­rüň edildi. Sam­mi­tiň ahy­ryn­da 113 mad­da­ly Jar­na­ma ka­bul edi­lip, on­da tro­pik to­kaý­lar­da­ky bi­ka­nun he­re­ket­le­re we daş­ky gur­şaw bi­len bag­ly düz­gün bo­zul­ma­la­ra garşy gö­re­şil­jek­di­gi bel­le­nil­di. Ýurt­lar agaç­la­ryň ke­sil­me­gine garşy gö­reş­mek­de yla­laş­dy­lar.