Panamadaky tropik tokaýlarda geçirilen barlaglarda agaçlaryň «howpsuz araçägi» saklap, biodürlüligi dowam etdirmäge ýardam edýändigi ýüze çykaryldy. Panamaly alymlar uly agaçlaryň öz aralaryndaky araçäk bilen bu tokaýlaryň biodürlüliginiň arasyndaky gatnaşygy öwrendiler. Bu ylmy barlag Panama kanalynda, adam eli bilen döredilen kölüň içindäki Barro Kolorado adasynda amala aşyrylypdyr. Tebigaty öwrenijiler adada soňky 30 ýyldan bäri başga-da dürli ylmy işleri geçirdiler. Soňky geçirilen barlagda şol bir görnüşdäki agaçlaryň biri-birlerine ýakyn ösenlerinde, olara kömelek ýaly patogenleriň ýa-da mör-möjekleriň zyýan berýändigi anyklandy. Alymlar agaç tohumlarynyň ösüp oturan agaçdan 100 metr çemesi uzaklykda gögerip çykýandygyny anyklapdyrlar. Öz jynsdaşlary bilen aralyk saklaýan agaçlaryň, arasyndaky boşlukda beýleki ösümlikleriň köpelmegine «rugsat berip», tokaýda köpdürlüligiň emele gelmegine sebäp bolýandygy anyklandy.
Ylmy barlagyň awtory Maýkl Kalýužnyý barlag geçirilýän tokaýa degişli özlerinde köp mukdarda maglumatyň bardygy sebäpli, haýsy agajyň nirede ýerleşýändigini bilýändiklerini aýdýar. Ol tohumlar gaçan ýerinde şineläp, gögeren bolsa, tokaýyň nähili boljakdygyny öwrenendiklerini aýdyp, uly agaçlar bilen ýaş nahallaryň arasynda uzak aralygyň bardygyny ýüze çykarandyklaryny belleýär. Ylmy barlag baradaky makala «Science» žurnalynda çap edildi.