Russiýa Aýyň garaňky tarapyny öwrenmek maksady bilen «Luna-25» atly enjamy uçurýar. Şu gün uçuryljak enjam Ýeriň hemrasynyň günorta polýusyna gondurylar. Ýarym asyr çemesi wagt ozal, ozalky SSSR Aýy öwrenmek üçin ilkinji enjamyny uçurypdy. «Soyuz-2 Fregat» göteriji raketasy bilen «Wostoçnyý» kosmodromyndan uçuryljak enjam «ýumşak» gonuş tehnologiýasynyň kämilleşdirilmegi, Aýyň içki gurluşyny we ondaky çeşmeleri öwrenmek maksady bilen işlenip taýýarlandy. Boguslawskiý kraterine gonduryljak «Luna-25» bir ýyllap Aýyň ýüzünde işlediler.
Mundan ozal, diňe Aýyň ekwatoryna ýakyn ýerlerine enjam iberilipdi. Agramy 800 kilogram töweregi bolan dört aýakly «Luna-25» ýurduň Aýy öwrenmek bilen bagly işlerine gaýtadan badalga berlendigini görkezýär.
2019-njy ýylyň başynda Hytaý «Yutu-2» atly tigirli Aý robotyny asman jisiminiň garaňky tarapyna gondurmagy başarypdy. Bu enjam arkaly geçirilen barlaglaryň netijesinde Ýeriň hemrasynyň garaňky tarapynda daşlaryň we gaýalaryň bize görünýän tarapyndan has azdygy ýüze çykarylypdy.
Biz Ýeriň ýeke-täk hemrasy bolan Aýyň diňe bir tarapyny görýäris. Sebäbi Aýyň öz okunyň daşyndan aýlanýan wagty bilen, Ýeriň daşyndan aýlanýan wagty deň.
Mergen KULMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.