Ýakymly ysy bilen bark urýan datly gawunlar türkmen topragynyň nygmatlarynyň biridir. Tomus paslynyň gelmegi bilen bu bakja önümi türkmen saçagynyň bezegine öwrülýär. Gawunyň 40-a golaý görnüşi bolup, şolaryň arasynda waharman, gürbek, gülaby, tartary özboluşly tagamy bilen saýlanýar. Bu bakja önüminiň düzümi, esasan, suwdan ybaratdyr. Gawunyň düzümi süýüme baý bolup, adam saglygy üçin peýdaly A, C, B1, B2, B5 witaminleri, uglewodlary hem-de kaliý, natriý, kalsiý, magniý, fosfat ýaly maddalary özünde jemleýär. Gawun saglyk üçin örän peýdalydyr.
Immuniteti güýçlendirýär. Gawunyň düzümindäki kaliý we C witamini immuniteti güýçlendirip, bedeniň kesele garşy durujylyk ukybyny üpjün edýär.
Ýürek-damar ulgamy üçin peýdaly. Gawun ýüregagyry howpuny peseldip, gan basyşyny kadalaşdyrýar. Ganazlykdan ejir çekýänlere gawun iýmek maslahat berilýär.
Daşlary azaldýar. Gawun böwrekde we beýleki beden agzalarynda toplanýan daş bölejikleridir çägäni azaltmaga kömek edýär.
Nerw ulgamynyň işini sazlaýar. Gawun nerw ulgamynyň işini sazlaýar. Ukusyzlykdan ejir çekýänlere gawun iýmek maslahat berilýär.
Içegeler üçin peýdaly. Gawunda saklanýan süýüm maddalary içege ulgamy üçin örän peýdaly bolup, sagdyn içege bakteriýalarynyň ösmegine ýardam edýär.
Derini nemlendirýär. Gawun deriniň nemlenmegini we täzelenmegini üpjün edýär. Şeýle hem E witamini bedeni Gün şöhlesinden goraýar. Mundan başga-da, bogunlardaky agyrylary aýyrmakda gawunyň peýdasy örän uludyr.
Horlanmaga kömek edýär. Bilermenler horlanmak isleýänlere gawun iýmegi maslahat berýärler. Gawun aşgazanda gowy özleşýän önümleriň biri bolup, metobolizm alyş-çalşygy haýal bolan adamlara iýmek maslahat berilýär.
Gawunyň gowusyny nädip saýlamaly?
Gawun satyn alnanda käbir alamatlary göz öňünde tutmaly. Ilki bilen gawunyň daşy şaha-şaha torlanyny saýlamaly. Gawunyň ysy bark urýan bolsa, bu onuň süýjüdiginiň alamatydyr. «Gawunyň – agyry, garpyzyň – ýeňili» diýlişi ýaly, gawunyň agyrragyny saýlamaly. Sebäbi bişen gawunyň eti suwly hem-de dykyz bolýar. Görnüşine görä gawuny salkyn howada birnäçe wagtlap saklamak mümkin. Gawuny aşa köp bolmasa-da, islendik nahardan soň iýip bolýar. Allergiýasy ýa-da süýjüli diabeti bolanlara gawun iýmek maslahat berilmeýär.