Başlangyç synplarda öwredilýän köpeltmek tablisasyny ýatdan bilmek diňe matematika dersinde däl, eýsem, takyk bilimler öwrenilende hem örän zerurdyr. Şol sebäpli ony kiçi ýaşda öwrenmek beýleki derslerimize hem oňat düşünmäge ýardam edýär. Köpeltmek tablisasyny ýatdan bilmek okuw derslerinde, gündelik durmuşda haýsydyr bir zady hasaplamaly bolanda, bir zat satyn almak üçin pul tölenende hem işimizi ýeňilleşdirýär. Eýsem, köpeltmek tablisasyny nähili ýat tutmaly?
Köpeltmek tablisasyny ýat tutmagyň aňsat usuly
Tablisany ýat tutmak üçin käbir aňsat ýollar bar. Onuň iň ýeňili ýazyp hem-de okap öwrenmekdir. Birlik sandan başlap, dokuza çenli ýeňil ýat tutmaly. Ilki birlik san islendik san bilen köpeldilende hem şol sanyň çykýandygyny bilmeli. Ilki kiçi sanlar öwrenilip, tapgyrlaýyn ýatlanylsa, aňsat bolýar. Hemme sanlar öwrenilenden soňra olaryň jemi bir wagtda gaýtadan ýazylyp, dil bilen gaýtalanylanda ýatda gowy galýar. Soňky tapgyrda bolsa, garyşyk ýagdaýda, ýagny islendik sanyň köpeldilmegini öwrenip-öwrenmändigiňizi synap görüň! Eger-de, bu ýagdaýda kynçylyk çekseňiz özüňizden ululardan kömek soramagy unutmaň!
Adatça köpeltmek tablisasy 10×10 bolup, 10×100-e çenli görnüşleri hem bar. Taryhy maglumatlara görä, 4 müň ýyl mundan ozal gadymy wawilonlylar köpeltmek tablisasyny oýlap tapypdyrlar. Häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeginde zehinli çagalaryň arasynda köpeltmek tablisasyny ýatdan çaltlyk bilen aýtmak, sanlary hasaplamak ýaly ýaryşlar geçirilýär. Tablisany ýat tutmak bilen birlikde, esasy zat sanlaryň arasyndaky gatnaşygy, köpeltmegiň logikasyny bilmekdir. Bu ýagdaýa mazaly düşünmek siziň işiňizi ýeňilleşdirer.