Kä­bir mi­we­dir bak­ja önüm­le­ri­niň ke­si­le­nin­den soň­ra ga­ral­ýan­dy­gy­ny hem­mä­miz bi­lýä­ris. Bag­dan ýe­re ga­çan ýa-da haý­sy­dyr bir ur­ga se­ze­war bo­lan mi­wä­niň hem ga­ralýan­dy­gy­ny gö­ren­di­ris. Eý­sem, mu­nuň se­bä­bi nä­me­kä?! Bu ýag­daý ola­ryň öý­jük­le­rin­de müň­ler­çe ere­ýän fer­men­tiň bol­ma­gy bi­len bag­ly­dyr. Ere­ýän fer­ment­ler öý­jük­le­riň jan­ly bol­ma­gy­ny ga­zan­ýar­lar. Mi­we we bak­ja önüm­le­ri­niň ke­sil­me­gi ne­ti­je­sin­de, reň­ki­niň üýt­ge­me­gi bol­sa, ere­ýän fer­ment­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýan po­li­fe­nol ok­si­daz se­bäp­li­dir. Gys­ga­ça PPO diýlip at­lan­dy­ryl­ýan bu fer­ment ho­wa­da­ky kis­lo­ro­dy alyp, mi­wä­niň dü­zü­min­dä­ki ta­nin at­ly hi­mi­ki mad­da bi­len täsirleşme geç­me­gi­ni ga­zan­ýar. Bu täsirleşme onuň reň­ki­ni üýt­ged­ýär.
Mi­wä­niň ke­si­len ýe­rin­dä­ki öý­jük­ler bö­lün­ýär­ler. Ol ýer­ler­dä­ki PPO fer­ment­le­ri ho­wa­da­ky kis­lo­ro­dy özü­ne çe­kip, edil de­mriň pos­la­ma­gyn­da bol­şy ýa­ly, reň­ki­ni üýt­ged­ýär­ler. Şa­ha­dan ýe­re ga­çan mi­we­ler­de hem şeý­le ýag­daý bol­ýar.
Eý­sem, mi­we­dir bak­ja önüm­le­ri­niň ga­ral­ma­gy­nyň öňü­ni alyp bol­ýar­my?! Mi­wä­ni ýa-da gök önü­mi ke­se­niň­den soň­ra ony su­wa sal­ma­ly. Şeý­le­lik­de, onuň ho­wa bi­len bag­la­ny­şy­gy ke­sil­ýär. Olar suw­dan çy­ka­ry­lan­dan soň­ra ga­ra­lyp baş­la­ýar­lar.
Ýe­ne bir usu­l­da C wi­ta­mi­nin­den peý­da­la­nyl­ýar. Dü­zü­min­de has köp C wi­ta­mi­ni bo­lan li­mo­nyň su­wu­ny ke­si­len ýe­re dam­dyr­mak ýe­ter­lik. Şeý­le­lik­de, onuň ga­ral­ma­gy gi­jik­di­ril­ýär. Şol se­bäp­li köp res­to­ran­lar­da, gar­ba­nyş­ha­na­lar­da we şu­ňa meň­zeş beý­le­ki ýer­ler­de ga­by­gy ar­ty­lan mi­we­dir bak­ja önüm­le­ri li­mon su­wu­na ýa­ty­ryl­ýar.
Mi­wä­niň ga­ral­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­gyň ýe­ne bir usu­ly bar. Is­len­dik ere­ýän fer­ment­ler 75 de­re­je gyz­gyn­lyk­dan ýo­kar­da öz tä­si­ri­ni ýi­tir­ýär. Ýag­ny mi­wä­ni gyz­dyr­mak ýa-da gaý­nat­mak hem onuň reň­ki­­niň üýt­ge­me­gi­niň öňü­ni al­ýar.
Si­trus mi­we­le­rin­de bol­sa, şeý­le fer­ment­le­riň ýok­lu­gy se­bäp­li, ola­ryň reň­ki ke­si­len ha­la­tyn­da hem üýt­ge­me­ýär.