“Apple” kompaniýasyny esaslandyryjy Stiw Jobsuň ogly Rid Jobs kakasynyň ölümine sebäp bolan rak keselini bejermegiň täze usullaryny maliýeleşdirmek üçin wençur şereketiniň döredilýändigini mälim etdi. Bu barada “forbes.ru” habar berýär.
“Yosemite” diýlip atlandyrylan şereket Stiw Jobsuň aýaly Loren Pauell Jobs tarapyndan esaslandyrylan “Emerson Collective” maýa goýum, jemhyýetçilik we haýyr-sahawat kompaniýasynyň şahamçasy boldy. “The New York Times” neşiriniň belleýşi ýaly, täze şereket öz adyny Stiw bilen Loreniň durmuş guran ýeri Kaliforniýa ştatyndaky “Ýosemite” milli seýilgähinden alypdyr. “Forbes”-iň maglumatlaryna görä, Jobsuň wençur şereketi eýýäm maýadarlardan 200 million dollar çekip, olaryň arasynda milliarder Jon Dorr, Sloan-Kettering adyndaky Memorial onkologiýa merkezi, Rokfeller uniwersiteti we Massaçusets tehnologiýa instituty bar.
Stiw Jobs 2011-nji ýylda 56 ýaşynda aşgazanasty mäziniň rak keselinden aradan çykdy. Loren Pauell Jobs “Emerson Collective” kompaniýasyny 2004-nji ýylda esaslandyrdy. Adamsy aradan çykandan soň, ol kompaniýa ýoldaşyndan miras galan “Apple”-iň we “Disney”-iň milliard dollarlyk paýnamalarynyň bir bölegini maýa goýdy. 31 ýaşly Rid Jobs “Emerson Collective” kompaniýasynda saglygy goraýyş meseleleri boýunça dolandyryjy müdir bolup işleýär. Ondan öň onkolog hünärine eýe bolmak üçin lukmançylyk mekdebinde okady, ýöne kakasy aradan çykandan soň okuwyny taşlap, hünär ugruny taryha üýtgetdi.