14-nji aw­gust­da Ar­gen­ti­na­da Pre­zi­dent­li­ge bäs­deş­le­ri kes­git­le­mek mak­sa­dy bi­len par­ti­ýa­la­ryň ara­syn­da­ky saý­law­lar ge­çi­ril­di. Bu saý­law­lar­da ýur­duň we­kil­ler pa­la­ta­sy­nyň ag­za­sy Haw­ýer Mi­leý öň­de­ba­ry­jy bol­dy. Bu ba­ra­da ses­le­riň 100%-i sa­na­lan­dan soň­ra, ýur­duň Mil­li saý­law gul­lu­gy ha­bar ber­di.
Par­ti­ýa­la­ryň için­dä­ki saý­law­lar okt­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek pre­zi­dent saý­la­wy­na gat­naş­jak da­laş­gär­le­ri aý­dyň­laş­dy­rar. Ar­gen­ti­na­nyň ila­ty döw­let baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne da­laş edip bil­jek “Awan­za Li­ber­tad” (“Er­kin­lik gel­ýär”), “Wa­tan bi­le­le­şi­gi”, “Üýt­geş­me­ler üçin bi­le­lik­de” ýa­ly par­ti­ýa­la­ryň we­kil­le­ri­ne ses ber­di­ler.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ses be­riş­lik ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je­le­ri ber­di. “Er­kin­lik gel­ýär” par­ti­ýa­syn­dan Haw­ýer Mi­leý 30,4% ses alyp, do­lan­dy­ry­jy “Wa­tan Bi­le­le­şi­gi” par­ti­ýa­syn­dan yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Ser­hio Mas­so­dan (21,12%) hem-de “Üýt­geş­me­ler üçin bi­le­lik­de” par­ti­ýa­syn­dan bo­lan öň­ki howp­suz­lyk mi­nist­ri Pat­ri­si­ýa Bull­riç­den (17%) öňe saý­lan­dy.
Ar­gen­ti­na­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry 22-nji okt­ýabr­da ge­çi­ri­ler. Ar­gen­ti­na­nyň saý­law ka­nu­ny­na gö­rä, saý­law­da ýe­ňiş ga­zan­mak üçin iň ýa­kyn bäs­de­şin­den ara­ta­pa­wu­dyň azyn­dan, 10% bol­ma­gy şer­ti bi­len 45% ses al­mak ýa-da 40% ses al­mak ýe­ter­lik­dir. Ýurt­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­la­ra gö­rä, ses­le­riň azyn­dan 1,5%-ini alan­lar saý­law­la­ra gat­na­şyp bi­ler­ler.