Wenesuela BRIKS-e goşulmak üçin resmi haýyş bilen ýüz tutdy. Bu barada Wenesuelanyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Delsi Rodriges, Nýu-Delide “Venezolana de Televisiоn” teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.
Delsi Rodriges Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduronyň BRIKS-e goşulmak baradaky niýetini resmi taýdan mälim edendigini habar berdi. Degişli haýyş haty ýurduň Daşary işler ministrligi tarapyndan iberildi. Wise-prezidentiň sözlerine görä, Wenesuela dünýädäki iň uly nebit gorlaryny BRIKS-iň hyzmatyna goýar. Mundan başga-da, ýurt täze hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini maksat edinýär. Delsi Rodrigesiň belleýşi ýaly, Wenesuela halkara gatnaşyklaryny ýola goýmaka öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Delsi Rodriges Wenesuelanyň BRIKS bilen köp ugurly gatnaşyklary gurmagy maksat edinýändigini aýtdy.
Häzirki wagtda BRIKS Russiýany, Hytaýy, Braziliýany, Hindistany we Günorta Afrika Respublikasyny öz içine alýar. Mundan başga-da 20-den gowrak ýurt bileleşige goşulmagy maksat edinýär. Bilermenleriň çaklamagyna görä, 2023-nji ýylyň ahyryna çenli BRIKS ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň dünýä ykdysadyýetindäki umumy paýy G7 ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň paýyndan ýokary bolar. Bu ýurtlar dünýäniň ilatynyň 40 göterimini öz içine alyp, Ýer togalagynyň dörtden bir bölegini eýeleýär.
BRIKS-iň döwlet Baştutanlarynyň indiki sammiti 22-24-nji awgustda Günorta Afrika Respublikasynyň Ýohannesburg şäherinde geçiriler. Forumyň gün tertibi arkalaşygy has-da giňeltmege gönükdirilendir.