Ýurdumyzyň bazarlarynda mekdep okuwçylary üçin hödürlenilýän harytlary öndürmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Aýhan Rejepowanyň uly goşandy bar. Mary şäherinde ýerleşýän kärhana “Gerçek” haryt nyşany bilen aýakgaplaryň, mekdep okuwçylary üçin ýantorbalaryň önümçiligi alnyp barylýar.
Mekdep okuwçylary üçin ýantorbalaryň günde müňlerçesi tikilip, ýurdumyzyň bazarlarynda elýeterli bahadan halka hödürlenilýär. Dürli ýaşdaky mekdep okuwçylaryna, oglanlara we gyzlara niýetlenip tikilýän ýantorbalar milli öwüşginde, döwrebap bezegler bilen bezelýär. Türkiýäniň we Hytaýyň enjamlary bilen üpjün edilen kärhanada aýakgaplar emeli deriden taýýarlanyp, olaryň hili dünýä ülňülerine laýyk gelýär. 2015-nji ýyldan bäri öndürilýän aýakgaplar dürli ýaşdaky müşderiler üçin niýetlenip, uly islegden peýdalanýar.
“Gerçek” aýakgaplarynyň dürli maksatlara, ýylyň ähli möwsümine niýetlenen görnüşi bolup, olaryň arasynda iş, öý hojalyk aýakgaplary, dynç alyş üçin çepekler, sport aýakgaplary bar. Göze gelüwli we rahat aýakgaplar ýurdumyzyň künjeklerindäki söwda nokatlarynda müşderilere amatly bahadan hödürlenýär. Şeýle hem bu önümler goňşy ýurtlara eksport edilýär.