Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagşy-sazandalar gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeklerinde halypalarymyzdan galan çuň mazmynly aýdymdyr sazlar belentden ýaňlandy. Şeýlelikde, ýaş bagşy-sazandalaryň içinden emin agzalarynyň gelen netijeleriniň esasynda aýratyn ýerine ýetirijiligi, ýokary ussatlyk bilen tapawutlanan sazandalaryň 2-si, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Akmyrat Hoşşyýew we Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Gunça Ziýatdinowa, şeýle-de bagşylaryň 2-si, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Akjemal Halmyradowa we Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Saýat şäher medeniýet öýüniň akkomponiatory Kerim Annakulyýew «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Dabara tanymal bagşy-sazandalar, aýdymçylar, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň geçen ýylky ýeňijileri, aýdym-saz söýüjiler, çykyş eden bagşy-sazandalaryň hossarlary we muşdaklary, şeýle-de medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri agzybirlikde gatnaşdylar.