Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetniýaz Maşalow Malaýziýanyň parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy Tan Şri Dato Jahori Abdul bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasy habar berýär.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda parlament hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar parlament hyzmatdaşlygynyň netijeli gatnaşyklary, halkara hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmegi pugtalandyrmagy üpjün etmek babatda möhüm gural bolup durýandygyny bellediler.
Tan Şri Dato Jahori Abdul şu ýyl Türkmenistana sapar bilen barmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi. Türkmen diplomaty bu teklibi makullap, bu saparyň iki ýurduň arasyndaky parlament hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrmaga itergi berjekdigini mälim etdi.