Ýylyň iň gowy suwasty fotosuratlary (The 2023 Underwater Photography Of The Year) bäsleşiginiň ýeňijileri mälim edildi. Ýaryşa dünýäniň 72 ýurdundan 6 müňden gowrak fotosuratçy gatnaşypdyr. Birinji orna Günüň ýaşýan çagy düşürilen delfiniň suraty mynasyp boldy. Ýaryşa ummanlaryň, deňizleriň, kölleriň we derýalaryň suratlary, umuman suwda düşürilen suratlar iberilýär. Hatda ýüzülýän howuzda düşürilen suratlar hem iberilipdir. Emin agzalary bu ýylky ýaryşa rekord derejede ýüztutmany kabul edendiklerini belleýärler. Suratlarda ösümlikleriň, haýwanlaryň, adamlaryň, suwuň düýbüne batan gämileriň we uçarlaryň, suwasty gowaklaryň we beýlekileriň bardygy bellenilýär. Suratlar Arktikada, Antarktidada we ikisiniň aralygyndaky ummanlarda has köp düşürilipdir. Şeýle hem dünýäniň iň uly köli hasaplanýan Baýkal kölünde düşürilen suratlar hem bar. Baş baýraga bolsa Amazonka derýasynda düşürilen surat mynasyp görlüpdir.
Suratlarda kiçijik balyjaklar, leňňeçler, hamana guşuň uçuşy ýaly hereket etmegi bilen tapawutlanýan deňiz tilkisi we suwasty tokaýlar bar.
Agamyrat Ýazgulyýew,
Ak bugdaý etrabyndaky Çagalar sungat mekdebiniň müdiri.