Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa­ny Ark­ti­ka ar­ka­ly bi­rik­dir­ýän de­mir­ga­zyk de­ňiz ýo­lun­da gat­na­wyň art­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. De­mir­ga­zyk buz­ly um­ma­ny­nyň için­den geç­ýän bu ugur, esa­san, ýük gat­naw­la­ry üçin peý­da­la­nyl­ýar. Uzyn­ly­gy 5 müň 600 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan ugur Ba­rens deň­zin­den Be­ring aý­la­gy­na çen­li do­wam ed­ýär. Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­nyň ara­ly­gyn­da iň gys­ga ýol bo­lan bu ugur ýy­lyň köp wag­tyn­da gar­ly we buz­ly bol­ýar. Şeý­le-de bol­sa, buz dö­wü­ji gä­mi­ler bi­len bu ýol gys­ga wagt­da ge­çil­ýär. Bu bol­sa, ýan­gy­jy we wag­ty tyg­şyt­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Rus­si­ýa­nyň Mur­mansk şä­he­rin­dä­ki port­dan Ýa­po­ni­ýa­nyň Ýo­ko­ha­ma por­tu­na de­mir­ga­zyk­dan gid­ýän gä­mi­ler 6 müň de­ňiz mi­li ýol geç­ýän bol­sa, bu ara­ly­ga gü­nor­ta­dan gi­di­len­de 13 müň mil ýol ýö­re­me­li bol­ýar. Hy­taý, Ýa­po­ni­ýa we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy ýa­ly ýurt­lar bu ugur arka­ly Ýew­ro­pa ha­ryt iber­ýär­ler. De­mir­ga­zyk deň­zin­den şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 36 mil­li­on ton­na ýük da­şal­ma­gy­na, gel­jek ýyl bolsa bu gör­ke­zi­ji­niň 80 mil­li­on ton­na ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de gar­ly we buz­ly suw­lar­da he­re­ket ed­ýän has uly gä­mi­le­riň peý­da bol­ma­gy bi­len bu ugur­da­ky ýük gat­na­wy­nyň art­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.

Ah­met Re­je­pow,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň Aş­ga­bat şä­he­ri bo­ýun­ça mü­dir­li­gi­niň har­by gul­luk­çy­sy, ka­pi­tan.