Hytaýyň bölek söwda bilen meşgullanýan «Alibaba Group Holding» kompaniýasynyň ýylyň birinji çärýegindäki girdejisiniň garaşylandan ýokary bolup, 234,16 milliard ýuana (32,3 milliard dollar) ýetendigi mälim edildi. Maliýe bilermenleri bu görkezijiniň 223,75 milliard ýuan (30,86 milliard dollar) boljakdygyny çaklapdylar. Kompaniýanyň arassa girdejisi bolsa, 50 göterim artyp, 34,3 milliard ýuana ýetipdir. Daşary ýurtlarda hem iş alyp barýan kompaniýanyň öz ýurdunda elektron söwdadan alan girdejisi 13 göterim ýokarlanypdyr. Şeýle hem «Alibaba»-nyň ABŞ-daky paýnamalary 4 göterim gymmatlady.
24 ýyl ozal döredilen «Alibaba Group» şu ýylyň mart aýynda kompaniýany önümçilik we hyzmat edýän ugurlaryna görä alty şerekete böljekdigini, her bir şereketiň aýratyn dolandyryjylar geňeşiniň boljakdygyny mälim edipdi.