Gawananyň köçelerinde ekologik taýdan arassa bambuk welosipedler peýda boldy. Bu barada “Reuters” habar berýär. Bu welosiped ýerli ussahanada ýasalýar. Maglumatlara görä, ýurtda önümçilikde ulanylan her bambuk agajynyň deregine onusy oturdylýar. Bambugyň günde 75 santimetr ösýändigini göz öňünde tutsaň, şeýle önümçilik ýerli ösümlikler dünýäsine zeper ýetirmeýär. Ussahanada şeýle hem täze welosipedleri ýasamagy öwredýän sapaklar hem guralýar. Bu ýerde hünär öwrenenler soňra ýerli welosiped dükanlarynda işläp ýa-da öz önümçiligini ýola goýup bilerler. Kubalylar şeýle etmek bilen, daşky gurşawyň hapalanmagynyň hem-de işsizligiň öňüne almaga tagalla edýärler.