Günorta Koreýada 2025-nji ýylda täze “Kia Tasman” kysymly ulagyň önümçiligi başlanar diýip, “Motor1.com” saýtynda habar berilýär. Web saýtyň maglumatlaryna görä, goşa kabinaly bäş orunlyk awtoulagyň göterijilik ukyby bir tonna deň bolup, ýokary ýol yşyklandyryş ulgamy bilen abzallaşdyrylandyr. Awtoulag şu ýylyň ahyryna çenli doly synagdan geçiriler. Olaryň satuwy bolsa tanyşdyrylandan soň, geljek ýylyň ortalarynda başlanar. Bu awtoulag ugradylýan bazaryna görä, ýangyç hereketlendirijili ýa-da elektrik motorly görnüşleri bilen hödürlener.