Hy­ta­ýyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň met­bu­gat sek­re­ta­ry Hua Çu­nin Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň 21-24-nji aw­gust­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­na döw­let sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, Ýo­han­nes­burg­da ge­çi­ril­jek BRIKS sam­mi­ti­ne gat­naş­jak­dy­gy­ny aýt­dy.
-Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň Pre­zi­den­ti Si­ril Ra­ma­fo­sa­nyň ça­ky­ly­gy bi­len Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pin 21-25-nji aw­gust ara­ly­gyn­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­na döw­let sa­pa­ry­ny ama­la aşy­rar hem-de Ýo­han­nes­burg­da ge­çi­ril­jek 15-nji BRIKS sam­mi­ti­ne gat­na­şar – di­ýip Hua Çu­nin aýt­dy.
22-24-nji aw­gust­da Ýo­han­nes­burg­da ge­çi­ril­jek BRIKS sam­mi­tin­de Hy­ta­ýyň, Hin­dis­ta­nyň, Bra­zi­li­ýa­nyň, Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň li­der­le­ri, şeý­le-de Rus­si­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ser­geý Law­row gat­na­şar. Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň sam­mi­te wi­deo kon­fe­ren­si­ýa ar­ka­ly gat­naş­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di.
BRIKS Bra­zi­li­ýa, Rus­si­ýa, Hin­dis­tan, Hy­taý we Gü­nor­ta Af­ri­ka­ny öz içi­ne al­ýar. Şeý­le hem, soň­ky wagt­lar Ar­gen­ti­na, Eý­ran, Al­žir, Tu­nis, Tür­ki­ýe, Sa­ud Ara­bys­ta­ny we Mü­sür ýa­ly 20-e go­laý döw­let yk­dy­sa­dy bi­le­le­şi­ge go­şul­mak is­le­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di­ler.