Tebigaty goraýjylaryň topary Angliýanyň günorta kenaryndan adatlanan niderland gämisi bilen Ýer ýüzüniň daşyndan aýlanmak maksady bilen ýola çykdylar. Uzynlygy 50 metr bolan ýelkenli gämi 1918-nji ýylda gurlupdyr. Gämide halkara hünärmenler bolup, olar tebigaty has çuňňur öwrenerler. Taslamanyň çäklerinde daşky gurşaw boýunça hünärmenler yklymlaryň 4-sinde iki ýyllyk syýahat edip, deňiz portlarynyň 32-sinde labyr taşlarlar. Olaryň arasynda Çarl Darwiniň düşläp geçen portlary hem bar.
Guramaçylaryň gürrüň bermegine görä, olar ummandaky plastikleri we merjen gaýalaryny öwrenmekçi, şeýle-de deňiz guşlarydyr läheňleri we delfinleri synlamakçy bolýarlar. “Darwin 200” atly taslama üçin 10 ýyldan gowrak wagt taýýarlyk görüldi.
– Biz howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirlerini azaltmakda kömek etmekçi bolýarys. Nahal oturtmak, merjen gaýalaryň ýagdaýyny öwrenmek, ummanyň biodürlüligini içgin seljermek niýetimiz bar. Biziň maksadymyz diňe olary öwrenmek däl-de, bar bolan meseleleriň çözgütlerini tapmakdyr – diýip, taslamanyň ýolbaşçysy Stýuart Makfersin gürrüň berýär.