Hytaý, ýylyň ahyryna çenli Ýaponiýadan öňe geçip dünýäniň iň uly awtoulag eksportçysy bolar. Bu barada “Moody’s Analytics” agentligi habar berýär. Ikinji çärýegiň ahyryna çenli Hytaý bilen Ýaponiýanyň eksportynyň arasyndaky tapawut aýda, 70 müň awtoulaga çenli azaldy. Bir ýyl ozal bu tapawut 171 müň awtoulaga deňdi. 2021-nji ýylda Hytaý üpjünçiligiň göwrümi boýunça Günorta Koreýadan öňe geçdi, geçen ýyl bolsa Germaniýadan öňe geçip, ikinji uly eksportçy boldy.
HHR-den awtoulag eksporty elektroulaglara bolan islegiň artmagy netijesinde, pandemiýadan öňki görkezijilerden ýokary boldy. 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaýyň girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, iki esse ýokarlandy. Hytaýyň awtoulag pudagynyň artykmaçlygy elektroulaglary öndürmek üçin çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýän litiý ion akkumulýator batareýalaryny öndürmekdedir.