Kam­bo­ja 2023-nji ýy­lyň il­kin­ji ýe­di aýyn­da 3037344 hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ny ha­sa­ba al­dy. Bu ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 308 gö­te­rim köp bo­lup, 743,459 ada­ma deň­dir. Bu ba­ra­da ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi­niň ha­sa­ba­tyn­da aý­dyl­ýar.
Ha­sa­bat­da be­leln­me­gi­ne gö­rä, şu ýy­lyň ýan­war-iýul aý­la­ry ara­ly­gyn­da Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa ýurt­la­ry­na hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy ba­ra­da­ky sa­naw­da Tai­land bi­rin­ji orun­da dur­ýar, on­dan soň Wýet­nam we Hy­taý gel­ýär.
Ha­sa­ba­ta gö­rä, Kam­bo­ja ho­wa ýo­ly bi­len 1065233 da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy ge­lip, bu 237 gö­te­rim ýo­ka­ry­dyr. Şeý­le-de gu­ry ýer we suw ula­gy bo­ýun­ça 1972111 sy­ýa­hat­çy ge­lip, 362 gö­te­rim köp­dür.
-Bu san­la­ra esas­la­nyp, Kam­bo­ja 2023-nji ýyl­da, azyn­dan, 5 mil­li­on hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çe­ker – di­ýip, sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nist­ri Tong Khon aýt­dy. Şeý­le hem, ol 2022-nji ýyl­da Pa­ty­şa­ly­gyň ba­ry-ýo­gy 2,27 mil­li­on da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­ny ka­bul eden­di­gi­ni sö­zü­niň üs­tü­ne goş­dy.