“Luna-25” awtomat stansiýasynyň Aýyň töwereginäki uçuşy dowam edýär. “Roskosmos”-yň metbugat gullugy kosmos gämisiniň kameralary arkaly alnan ilkinji suratlary paýlaşdy. Enjam Aýyň arka tarapynda ýerleşýän günorta polýar krateri bolan “Zeeman”-y surata düşürdi.
-Ýerden görünmeýän “Zeeman” krateri Aýdaky üýtgeşik obýekt bolup, barlag geçirijilerde uly gyzyklanma döredýär. Alnan suratlar bu krater barada häzirki bar bolan maglumatlaryň üstüni ep-esli doldurýar – diýip, “Roskosmos”-yň wekilleri gürrüň berdiler.
Aýyň aňry ýüzüniň suraty dünýäde ilkinji gezek 1959-njy ýylyň oktýabr aýynda ozalky SSSR-iň “Luna-3” awtomatiki stansiýasy tarapyndan alnypdy.
21-nji awgustda Boguslawskiý krateriniň demirgazygynda Ýeriň tebigy hemrasynyň ýüzüne ýumşak gonuş meýilleşdirilýär. Indi “Luna-25” awtomat stansiýasy ýumşak gonuş tehnologiýasyny işe girizmeli, topragy alyp, seljermeli, uzak möhletli ylmy barlaglary geçirmeli, Aýyň Günorta polýusynda ýerüsti regolitiň ýokarky gatlagyny we Aý ekzosferasyny öwrenmeli bolar.