Owgan häkimiýetleri soňky bir ýylda tutuş ýurt boýunça 3575 sany ösüş taslamasyny durmuşa geçirýär. Bu barada ýerli “TOLOnews” teleýaýlymy ýurduň ykdysadyýet ministrligine salgylanyp habar berdi.
Häzirki wagtda jemi 1,9 milliard dollarlyk dürli taslamalar Owganystanyň saglygy goraýyş, oba hojalygy, ulag we energiýa pudaklarynda ýaýbaňlandyrylýar.
-Bu ýyl oba hojalygy bilen bir hatarda, birnäçe pudaklaryň, şol sanda, ýollaryň, bentleriň we beýleki infrastrukturalaryň gurluşygyny öz içine alýan köp sanly ösüş meýilnamalaryna seredýäris. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, bu ýyl has köp serişde bölünip berler we biz bu babatda aç-açanlygy üpjün ederis – diýip, “TOLOnews” teleýaýlymy Owganystanyň häzirki hökümetiniň resmi wekili Zabiullah Mujahidiň sözlerini getirdi.
Ýurtda täze bentler we beýleki suw gurluşyk desgalary gurulýar. “TOLOnews” Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň 411 sany suw gorlaryny dolandyryş taslamasy üçin 3,7 milliard afgani (43,5 million dollar) bölüp berendigini habar berdi.