18-nji aw­gust­da Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň ser­gi mer­ke­zin­de Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň us­sat su­rat­keş­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Su­rat­keş­ler bir­le­şi­gi­niň ag­za­sy Ba­tyr Ha­jy­ýe­wiň, Al­la­ber­di Öwez­dur­dy­ýe­wiň şah­sy dö­re­di­ji­lik ser­gi­si açyl­dy. Bu ser­gi­de su­rat­keş­le­riň 80-den go­w­rak eseri görkezildi. Olar­dan Ba­tyr Ha­jy­ýe­wiň «Türk­men gy­zy», «Merw», «Ag­şam», «Oba» «Aw­çy», «Ha­ly­çy» ýa­ly eser­le­ri, Al­la­ber­di Öwez­dur­dy­ýe­wiň «Süý­jülik», «Küý­ze­gär», «Ça­ga­lyk», «Obam­da­ky meň­zeş­lik», «Ço­pan go­şy» we «Ba­sym ejem ge­ler» ýaly en­çe­me saý­la­ma eser­leri ser­gi­ni be­ze­di­. Da­ba­ra­nyň ba­şyn­da Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň ser­gi mer­ke­zin­iň ýolbaşçysy Gö­zel Hak­ber­di­ýe­wa türk­men hal­ky­nyň mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp bar­ýan il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri­niň ro­wa­ç bolmagyny tüýs ýü­rek­den ar­zuw etdi. Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň halk su­rat­ke­şi, heý­kel­ta­raş Gy­lyç­my­rat Ýar­mäm­me­dow, Aş­ga­bat şä­her me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi­niň Bä­şim Nu­ra­ly adyn­da­ky ça­ga­lar çe­per­çi­lik mek­de­bi­niň di­rek­to­ry Öwez­gel­di Ýag­my­row, Su­rat­keş­ler bir­le­şi­gi­niň Ma­ry we­la­ýat şa­ham­ça­sy­nyň baş­ly­gy My­rat Gur­ban­gel­di­ýew eserleri görkezilýän suratkeşleri sun­gat ser­gi­si bi­len gut­la­dy­lar.